Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Tokaý seýilgähleriniň adama edýän täsiri öwrenildi

Tokaýlyklara ýa-da şäher ýerlerinde seýilgählere ýakyn ýaşaýan adamlaryň ruhy taýdan durnukly we sagdyn aň-düşünjeli bolýandygyny Beýik Britaniýanyň ekolog alymlary tassykladylar. Ylaýta-da, tokaýlarda gezelenç etmegiň çagalaryň psihiki saglygyna gowy täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda dünýäde ilatyň 55 göterimi şäherde, industrial senagatyň ösen ýerlerinde ýaşaýar. Londonyň alymlarynyň sowalnama arkaly 9 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň 3568-siniň gatnaşmagynda geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri tebigatyň gözel ýerlerine gezelenç etmegiň, tokaýda, bag seýilgählerinde dynç almagyň çagalaryň sagdyn ösmegine, olaryň özüni alyp baryşlaryna hem-de işjeňliligine oňyn täsirini ýetirýändigini görkezdi.

Çigildem — baharyň nyşany

Çigildem güli baharyň gözel nyşany, türkmen dag-sährasynyň täsin baýlygydyr. Düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty bolan çigildemleriň asyl watany Orta Aziýadyr. Bu gül ýurdumyzda Köpetdagyň we Köýtendagyň dag eteklerindäki belentliklerde gabat gelýär. Olar ilki salkyn howanyň, käýerlerde gar gatlagynyň uzagrak saklanýan ýerleri bolan daglaryň aşaky gatlagynda, soňra orta bilinde gülleýär. Çigildemiň soganpisint düýbi ýazda topraga aralaşýar, onuň boýy gyşda topraga ýygnanýan ygalyň möçberine baglydyr. Çigildem tohumlarynyň tebigy daşky gurşaw şertlerinde toprakda gögermegi üçin azyndan bir gyş ýerde ýatmaly bolýar. Gyşy geçiren çigildem tohumy ýazda 0-dan +10 derejä çenli ösýär. Ilkinji hepdelerde gijeki aýazlar olara zyýan bermeýär, diňe ösüşine päsgelçilik berýär. Käte fewralda, köplenç mart aýynda Merkezi Köpetdagda çylgymly ýaýbaň ýaşyl ýapraklar, soňam ösüp ugran baldaklarda çigildem gülleri peýda bolýar. Miheliň çigildeminiň gülýapraklary gülüň düýbünden goýy-melewşe tegmil bolup açylyp ugraýar. Wilsonyň gyzyl, Buzäniň goýy-sary çigildemi gar eränden beýlekilerden öň gögerip, owadanlygy bilen göreni haýrana galdyrýar.

Hasyllylygy ýokarlandyrýan biokömür

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Týumen döwlet uniwersitetiniň (Russiýa) alymlary topragyň häsiýetini gowulandyrmagyň we hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň täze usulyny öwrendiler. Munuň üçin olar organiki galyndylardan alnan biokömri ulanmagy teklip etdiler.

Bagban bagyndan belli

Örküni ýere baglap, toprakdan rysgyny tapan daýhanlar ýa-da bagbanlar ýaşaýşy zähmetden üzňe göz öňüne getirip bilmeýärler. Indi nijeme ýyl bäri bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekip gelýän Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy Altymyrat Işangulyýew hem şeýle işjanly adamlaryň biri. Pygamber ýaşyna ser uran bu ýaşuly çärýek asyra golaý wagt bäri bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek bilen meşgullanyp gelýär. — Bag adama, bagban mugallyma çalymdaş. Men durmuşda hemişe şu ýörelgeden ugur alýaryn. Şonuň üçin-de ýaşajyk nahaldan daragt ýetişdirmegi çagalarda zähmet terbiýesini kemala getirmek bilen hem utgaşykly alyp gitmäge çalyşýaryn. Bu ýerde zähmet mekdebini geçip, uly adam bolup gidenler az däl — diýip, Altymyrat Işangulyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Garagum — gyzylly hum

Ähli babatda — geologiki, taryhy, etnografiki ýa-da tebigy dünýäniň baýlygy babatda hem Garagum sährasy bütindünýä ähmiýetli gymmatlyklaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Çünki bu sährada hemişe ýaşaýyş gaýnap joşýar. Türkmen halkynyň egsilmez baýlygyny goýnunda saklap oturan Garagum tutýan meýdany boýunça diňe Türkmenistanda däl, eýsem, Ýer şarynyň hem iň uly çägeli sähralyklarynyň biri bolup durýar. Garagum sährasy geografik taýdan ägirt uly Turan pesliginiň günorta böleginde ýerleşýär.

Ösümlikler ses çykarýan eken

Asyl görlüp oturylsa, ösümlikler hem adamlaryň gulagy eşitmez derejedäki sesleri çykarýan eken. Bu sesler olardan suwsuz ýa-da dartgynly wagtynda çykýar. Geçirilen täze gözleg işleri barada «The Cell» žurnalynda çap edildi. Çap edilen makalada gözlegiň netijesine görä, botanikler ösümlikleriň «sessiz» däldigini ýüze çykardylar. Tejribeler barlaghanada ösümliklerde we güllerde 6 ýyldan gowrak wagt dowam etdi. Synag ilkibaşda kaktus gülünde ultrases mikrofony ulanylyp geçirildi. Ösümlikleriň yrgyldy döredýändigi öňem mälimdi, ýöne munuň howada ýaýran ses tolkunlaryna öwrülmegine hiç hili subutnama ýokdy.

Aýgül atly gül goraga alyndy

Gyrgyzystanyň «Aýgül-Too» goraghanasyndaky seýrek duş gelýän «Aýgül» atly güli goramak üçin bu goraghanany üç ýyl möhlet bilen ýapmak kararyna geldiler. Goraghana ýurduň Batken welaýatynda ýerleşýär. Ol indi 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýapylar. Sebäbi aýgül gülleri ýitip barýan ösümlik görnüşlerine degişli edildi we Gyzyl kitaba girizildi.

Güllän sakura — ýapon ykdysadyýetine goşant

Ýaponiýada sakura agaçlarynyň gülleýiş möwsümi koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň ýatyrylmagy bilen baglylykda, jahankeşdeleriň köp sanlysyny bu ýere syýahatçylyga çeker. Ýurduň «Kansai University» edarasynyň bilermenleriniň pikirine görä, bu döwürde Ýaponiýada syýahatçylykdan geljek girdejiniň möçberleri 616 milliard iýene, ýagny 4,7 milliard amerikan dollaryna ýetip biler.

Towşana dogduk depe

Biziň ýurdumyzyň haýwanat dünýäsinde towşan giňden ýaýran görnüş. Tebigatyň bu täsin jandary barada türkmen halk döredijiliginde, şol sanda ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda, sanawaçlarda hem aýdylýar. «Towşana dogduk depe» diýmek bilen, Watanyňdan, dogup-dörän obaňdan eziz mekanyň ýokdugyny belleýärler. Şeýle hem bu jandaryň özboluşly owadanlygyna üns bermek bilen, gadymdan gyz çagalara hem Towşan, Çebşek ýaly atlary goýupdyrlar. Towşanyň gysgajyk akja guýrugyny bolsa owadanlyk üçin biziň enelerimiz çagalaryň eşiklerine, sallançaklaryna dakýarlar. Gadymy döwürlerden bäri towşan eti adamlaryň esasy iýmitleriniň biri bolupdyr. Onuň derisini hem dürli zerurlyklar üçin peýdalanypdyrlar. Emma tebigatda towşanlaryň sanynyň durnukly saklanmagynyň aladasyny edipdirler. Köpelýän wagty olaryň awlanmazlygyny ündäpdirler. Bu jandaryň ady bilen baglylykda, tebigy meýdanlarda «Towşanly depe», «Towşanly gyr» diýilýän ýerler hem bar. Şeýlelikde, bu maglumatlaryň özi hem olaryň gadymdan ýaýran ojaklaryndan habar berýär. Hatda ösümlikleriň arasynda «towşan arpasy», «towşanoty», «towşandodak», «towşan kelemi» diýlip onuň ady bilen atlandyrylanlary hem bar. Towşanlar Türkmenistanyň ähli ýerlerinde, ýagny Garagum sährasynda, derýaýaka toraňňylyk jülgelerde, daglyk we dagetek ýerlerde gabat gelýär. Bu jandar ýurdumyzyň düzlüklerinden başlap, beýik daglyk ýerlerinde, Köpetdagyň deňiz derejesin

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.

Miweli bagym — baýlygym-barym

Gujagy al-elwan gülli baharda diňe bir Zemin goýny däl, eýsem, bütin barlyk, külli ynsan kalby gülzarlyga, lälezarlyga, şuglazarlyga öwrülýär. Ýazyň ýyly demini duýan baglaryň baldagyny ýaryp çykýan pyntyklar, patrak kimin açylýan akly-gyzylly güller daş-töwerege gözellik çaýyp, diňe bir pasyllaryň däl, göwünleriň soltany bolan bahar barada dilsiz dür saçyp otyrlar. Gülleriň hak aşyklary bolan, ömrüni baglaryň şahasynda geçirýän saýrak guşlar öz dillerinde şirin nagma kakyp, olaryň waspyny ýetirýärler. Bagbançylyk bilen meşgullanyp, peder ýoluny dowam etdirýän bagbanlar bolsa: «Bagym däl, göwnüm gül açdy» diýip, ösdürip ýetişdiren miweli baglaryna guwanç bilen garaýarlar. Şonuň üçinem il içinde aýdylýan «Bag gadryny bagban biler» diýen aýtgy biziň şu günlerimizde-de ýörgünli.

Açyk asmanyň astyndaky iň uly agaç heýkeli

Açyk asmanyň astynda iň uly agaç heýkelini döretmek hytaýly ussat heýkeltaraş Dending Ruý Ýao başartdy. Ol bu heýkeli öz şägirtleri bilen bilelikde üç ýylyň dowamynda ýerine ýetirdi. Munuň üçin iň uly agaç saýlanylyp alyndy. Ýolbarsyň şekili janlandyrylan bu heýkeliň üstünde halypa heýkeltaraşdan başga-da, agaç ussalarynyň 20-si agzybirlikde işlediler. Heýkel tamamlanan dessine «Gündogar ýolbarsy» adyny aldy we ol Hytaýyň Uhan şäheriniň iň görnükli meýdançasynda ýerleşdirildi. Onuň uzynlygy 14,5 metr, beýikligi 5 metr, ini 4 metre barabardyr.

Panda garynjalary

Panda garynjalary tebigatyň iň täsin jandarlaryndan biridir. Alymlar bu garynjalary 1938-nji ýylda Çili döwletiniň tokaýlaryndan tapyp, «Panda» diýip atlandyrdylar. Bu garynjalaryň bedeni gara we ak reňkde bolan tüýjagazlar bilen örtülendir. Täsin panda garynjalaryna Latyn Amerikasynda, şeýle hem Demirgazyk Amerikada duşmak bolýar. Panda garynjalary gury ýerleri, sähralary ýa-da ýarym çölleri gowy görýärler. Mahmal örtügi sebäpli aňsatlyk bilen çyglylygy bedeninde saklaýarlar. Panda garynjalary örän zäherlidir. Olaryň zäheri iňňelerinde toplanýar. Iňňeleriň üsti bilen zäher adamyň ýa-da haýwanlaryň bedenine ýaýranda ölüm howpludyr. Panda garynjalarynyň erkegi iýmitini gijesine awlaýar, urkaçylary bolsa bütin günüň dowamynda. Hatda panda garynjalarynyň iýmitlenişi hem jynsyna görä üýtgeýär. Erkekleri ösümlik şireleri we nektarlary, urkaçylary bolsa ölen mör-möjekleriň galyndylary bilen iýmitlenýärler. «Pandalar» hakyky garynjalardan tapawutlylykda, maşgala, köpçülik bolup ýaşamaýarlar. Olar beýleki mör-möjekleriň, arylaryň hinlerine ýumurtga taşlaýarlar we ýumurtgalardan çykan liçinkalar öý ýaşaýjylaryny iýýärler.

«Bu ýerler owadan, örän owadan!»

Türkmen tebigatynyň, türkmeniň tebigatyna mahsus ajaýyp gylyk-häsiýetleriň, edim-gylymlaryň we gözel duýgularyň söz arkaly keşbini çeken ussat şahyr Italmaz Akmyradowyň «Bathyz» goşgusyny okan her bir adamyň gursagyna bu gözel künjege syýahat etmek arzuwy dolýandyr. Bathyzy taryp edenler, muňa hyýallanýanlar juda kändir, ýöne Italmaz aga ýaly şahyrana, owadan tarypnama döredäýmek aňsat iş däl. Gürrüň berişlerine görä, Italmaz şahyr şu şygryny Aşgabada gezmäge gelende, galamdaş dostlaryna ilkinji gezek okap beripdir. Halapdyrlar, gaýta-gaýta okadypdyrlar. Sesini çykarman diňlän şahyr Nobatguly Rejebow ertesi irden gazete beren Bathyz baradaky täze şygryny yzyna alyp gaýdypdyr. Köňüllerde galan, «Dost, seýran edeli gözel Bathyzy!» diýlip başlanýan çagyryşly şygyr setiriniň täsirine düşen dostlarymyz bilen, nesibeli güni bizem Bathyzyň baharyny görmäge ýola düşdük. Saragta gün gijigiberende bardyk. Bu ýerdäki ýolbelet dostlarymyz dynç alyp, irden ýola düşmegi teklip edenlerinde, ylalaşmadyk:

TÜRKMEN TEBIGATY — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen sözleri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hakyky gadyr-gymmatyny açyp görkezýär. Çünki, Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy ylym bilen meşgullanýan adama ylmyň islendik ugry boýunça pikir ýöretmäge, seljerme we deňeşdirme geçirmäge doly mümkinçilik döredýär. «Zer gadyryny zergär biler» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary esasynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýändigi aýratyn ähmiýetlidir. Akyldaryň döredijiliginiň, türkmen ruhundan, medeniýetinden, şeýle hem, Diýarymyzyň tebigatyndan gözbaş alandygy, onuň tebigatda bolup geçýän hadysalara ir düşünip başlandygy, ylahy zehininiň ýitileşmegine dünýä inen ýeriniň dagy-düzüniň, derýalarynyň, sähra-jülgeleriniň, baý haýwanat dünýäsiniň täsir edendigi şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun eýelän durmuş we watançylyk garaýyşlarynyň içinden tebigat filosofiýasy eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bu üç esasy garaýşyň sazlaşmagy şahyryň watansöýüjiliginiň ýokary derejesini şöhlelendirýän kanunalaýyklykdyr. Çünki, Watana bolan söýgi onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar.

Tebigatyň görkanalyk mukamy

Baharyň owadanlygyny näme bilen deňejegiňi bilmersiň. Bir ýola ussat suratkeş Rembrandy baharyň tüýs görkanalyga beslenen günlerinde tebigatyň täsin künjekleriniň birine alyp barypdyrlar. Ýaz ýapynjasyny örtünen meýdany sesini çykarman synlap durşuna, ussadyň gözünden düwme-düwme ýaşlar togalanyp gaýdypdyr. Soňra bolsa ol sesini çykarman, etýudnigini gurnapdyr-da, şol gözelligiň suratyny çekmäge durupdyr. Ol tä günortanlar ýadap, dynç almaga oturýança ýagşydan-ýamandan ýeke sözem aýtmandyr. Nahar başynda ondan bu uzak dymyşlygyň sebäbini soranlarynda: «Tebigatyň bu ajaýyp simfoniýasyny sähel artykmaç sesiňem bozup biljegine akylym ýetip durka, nädip gürläýin?» diýip jogap beripdir. Hawa, bahar — gözellik hazynasy. Bahar — sansyz reňkleriň soňlanmajak gory. Bahar — täsinlik döretmegiň ussady. Bahar — syrdan, täzelikden doly täsin eser. Garaz, baharda geň galara, buýsanara, synlara, diňläre... zat kän. Bahar bilen baglanyşykly käbir täsin maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Bahar hakynda tebigatnama

Pederlerimiz irki döwürlerden bäri tebigy hadysalara, janly-jandarlaryň hereketlerine, ösümlikleriň ösüşine syn edip, howanyň ýagdaýyny kesgitläpdirler. Halk arasyndan ýygnalan şeýle maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. ♦Durnalar ir bilen uçup gelseler, bahar ir başlanýar.

Ýaşaýşyň gözbaşy

Her damjasy zere deňelýän suw — ýaşaýşyň gözbaşy. Halkymyzyň arasynda dörän suw bilen baglanyşykly birnäçe dessurlar we folklor eserleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Aýdylyşyna görä, kimdir biri uzak ýola gideninde, myhman bilen hoşlaşylanda, gyz durmuşa çykanda yzyndan suw sepmek däbi bar. Bu yrym ýolagçylara ýollarynyň ak bolmagy dileg edilip, berjaý edilýär. Adamlar suwuň başyna baranlarynda: «Essalawmaleýkim, suw aga, el-ýüzümi ýuw, aga!» diýip, suwa hormat edipdirler.

Pasyl çalşygy

21-nji martdan milli senenama boýunça Çarwa nowruzy öz ornuny Nowruza berdi. Pederlerimiz çarwa hasaby — asyrlarboýy durmuşda synagdan geçen tejribeleriniň üsti bilen, şonuň ýaly-da, daş-töweregindäki ähli barlykdan, ýagny ösümliklerden, haýwanlardan, guşlardan, howanyň ýagdaýyndan ugur alyp, ýylyň gelşini, ahwalyny, nä zeýilli boljakdygyny kesgitläpdirler. Şonuň netijesinde şu ynançlar kemala gelipdir:

Bulary bileýin diýseňiz

Kelpeze dilini awuna garşy uzadanda, diliniň uzynlygy göwresiniň uzynlygynyň ýarysyna barabar bolýar. Gözleri biri-birine bagly bolmazdan hereket edip bilýär. Şonuň üçin-de, kelpeze kellesini hiç bir tarapa gyşartmazdan, şol bir wagtda çar tarapyny görmäge ukyplydyr.*  *  *Möýüň kerebi täsin gurluşa eýedir. Alymlaryň pikirine görä, möýüň kerebi Ýeriň magnit meýdanyny üýtgedýär diýlip çaklanylýar. Şol sebäpli-de, köp mör-möjekler kerebi görmän, oňa aňsatlyk bilen düşýärler.*  *  *Pingwin dik durup ýöreýän, suwda ýüzüp bilýän, ýöne howada uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.