Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Sonarly sähralar görke beslensin!

Tomus paslynyň yssy howaly günlerinde tebigaty goramak, ýangyn hadysasynyň öňüni almak esasy wezipeleriň biri hökmünde örboýuna galýar. Ýangyn tokaýlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin uly howp bolup durýar. Ol adamlaryň nädogry hereketlerinden, ýyldyrym urmagy, taşlanan çüýşeleri Gün şöhlesiniň gyzdyrmagy netijesinde döreýär. Seljermeler köp halatlarda muňa adamlaryň geleňsizliginiň sebäp bolýandygyny görkezýär. Toplanan tejribe bolsa ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri birkemsiz berjaý edilende, onuň öňüni alyp bolýandygyny subut edýär. Şulary göz öňünde tutup, tebigatda ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen şulary ýatladýarys:

Güller dünýäsi

Orkida dünýädäki iň uzyn gül bolmak bilen onuň boýy 20 metre ýetýär. * * *

Tudanaly günler

Balhy, hasak, gatlama... Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer. Bu nakyl gönüden-göni çagalyk döwrümize degişli ýaly bolup dur... Martyň aýagyna gurçuk tutulýan jaýlar arassalanylyp, telärler taýýarlanylyp, sähel wagtdan goçak ak kagyzlaryň üstünde garaja gurçuklar peýda bolar. Ulular bilini guşap gurçuk tutmaga taýýarlanarlar. Bizem tudana taýýarlanarys. Haýsy köçede, haýsy ýap boýunda nähili tut bardygyny ýatdan bilýärdik. Balhy, hasak, gatlama, gaýçy, bidäne, peýwendi tutlarynyň tudanasy bişer welin, aşagy eli-ýüzi gara-gyzyl, gyrmyzy reňke çyrşalan çagadan dolar.

Owadan reňkli gaýalar

Hytaýyň Gansu welaýatynda ýerleşýän Çžanýe Danksia milli seýilgähindäki reňkli gaýalar diňe bir bu ýurduň däl, eýsem, tutuş dünýä döwletleriniň syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu owadan reňkli gaýalar ýurtda duş gelýän, dünýäniň başga hiç bir künjünde gaýtalanmaýan petrografiki geomorfologiýanyň dag emele gelşiniň aýratyn görnüşidir. Reňkli gaýalarda älemgoşaryň düzümindäki ähli reňkler bar diýsek ýalňyşmarys. Ýöne bu ýerde ilkibada gyzyl we goňur reňkleriň sazlaşygy göze ilýär. Uzakdan suratkeşiň dürli reňkli galamlary arkaly çeken suratyna meňzeş görünýän bu gaýalar gadymy döwre degişli bolan reňkli çägelerden we dag jynslaryndan ybarat. Geçirilen ylmy-barlag işleriniň esasynda, takmynan, 100 million ýyl mundan ozal bu ýerde uly suw howdanynyň bolandygy, şol suwuň bu ýerde birnäçe gyrmançalary emele getirendigi, käbir tebigy sebäplere görä, howdanyň suwunyň bugarandygy anyklanyldy. Birnäçe ýyllaryň dowamynda dag emele geliş hereketleri bu ýeriň landşaftyny dürlüçe özgerdýär. Ýokardan aşak tarap akýan suw bu gaýalary ýonupdyr we özünden parçalanan gyzyl reňkli gaýalary galdyryp gidipdir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Ýazda ýaşlyk ýaýlasyna syýahat

«7/24. tm», №20 (155), 15.05.2023. Ýaz gör­ki ýaý­la­da. Ýaz ge­len­de te­bi­gat jan­la­nyp, pyn­tyk­lap, al-el­wan gül­ler ze­mi­ne zy­nat ber­ýär. Dur­muş­da her bir yn­san ýaz pas­lyn­da te­bi­ga­tyň bu eçi­len gö­zel­li­gin­den yl­ham alyp ýa­şa­ýar. Bu ba­ra­da şa­hyr Mäm­met Se­ýi­dow şeý­le diý­ýär:

Daglar ýeriň myhydyr

«7/24. tm», №20 (155), 15.05.2023. Beýik Per­wer­di­gä­riň na­za­ry dü­şen bu jen­ne­ti me­ka­nyň goý­nun­da­ky her bir bar­lyk ke­rem-ke­ra­ma­ta ýug­ru­lan. Bü­tin dur­ky gen­ji-ha­zy­na­la­ra bes­le­nen gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň giň gu­ja­gyn­da nä­çe diý­seň gö­zel­lik, gud­rat bar. Bu top­ra­gyň üs­tü­ne ýy­ly ço­gu­ny bol­luk bi­len ça­ýyp du­ran nur­ly Gü­nem, aňyr­sy­na-bär­si­ne göz ýet­me­ýän uç-gy­rak­syz pa­ra­hat gök as­ma­nam, tir­keş-tir­keş bo­lup gö­çüp-go­nup ýö­ren ak bu­lut­la­ram, gün­do­gar­dan gün­ba­ta­ra uzap ýa­tan be­lent-be­lent dag­lar­dyr me­le der­ýa­la­ram, yzy üzül­me­ýän ul­gam-ul­gam me­le çä­ge­li be­re­ket­li ym­gyr säh­ra hem aňyr­sy­na göz ýet­me­ýän üm­mül­mez dün­ýä my­sa­ly. Şeý­le tä­sin­lik­le­ri özün­de jem­le­ýän ja­dy­ly te­bi­ga­tyň bu bar­lyk­la­ry­nyň her bi­rin­de, gör, ni­çe syr, ni­çe hik­met bar. Ola­ryň bi­ri-de ba­şy he­ser­li, bi­li ke­mer­li go­ja dag­lar­dyr.

Ýagsana ýagyş, ýagsana!

Penjiräniň aňyrsyndaky howa kalbyň içindäki howa bilen deň gelende, adamyň ruhy göterilip, gujury görnetin artýar. Durmuşa bolan hyjuw-höwesi onuň özüniň şu dünýäniň bir ülüşidigi hakyndaky ýakymly pikirleri döredip, ýüreginde uly-uly arzuwlaryň hem maksatlaryň döremegine getirýär. Has takygy, biziň duýgularymyzy we aňymyzy rahatlandyrmak üçin adaty bolmadyk güýje eýe bolan howa özüniň tämizligi, tenekärligi, müşki-anbarlygy bilen içki dünýämiziň howasyny hem täzeleýär. Ylaýta-da, ýagyşly günleriň howasy ýürege ýakyn, çünki ýagyş örän köp adamda üýtgeşik bir duýgynyň dünýä bilen baglanyşykly ýagdaýlarynyň döremegine sebäp bolýar... Petrikor ýa-da ýagyş ýaganda ýatlamalarymyzyň oýanmagynyň sebäbi

Köpetdag kyssalary

Daşlar hakda aýdym Biz daşlar hakynda illeriň döreden aýdymlaryny diňläp gelsek-de, şu wagta çenli özümiz şeýle aýdymlary döredäýemzok. Ýa daşlar aýdyma mynasyp dälmikä?!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Tebigaty goramak derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar sazlaşykly ösýär. Bu özgerişleri biz gündelik durmuşymyzda duýýarys, görýäris. Türkmen tebigatyny aýawly saklamak barada wajyp wezipeler hem döwrüň derwaýys meselesi bolup durýar. Öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegi şu günki we geljek nesilleriň ekologiýa howpsuzlygynyň berjaý edilmegine alyp barýar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda ajaýyp zamanada ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Şol sebäpli hem, tebigatyň baýlyklaryny goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Eziz Watanymyzyň dagy, düzi, sähralary, Hydyr gören çöli, jana tenekar howasy asyrlarboýy adamlaryň syrdaşy bolup gelipdir. Bereketli türkmen topragynda ösýän ösümlikler, ine-gana ýaýnap ýören haýwanlar tebigatyň gaýtalanmajak keşbini düzýär. Ýurdumyzyň şypaly howasynda ösüp ýetişýän ösümlikler günüň çogly şöhlesiniň astynda ýetişýärler we dermanlyk häsiýetleri bilen bellidir. Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekolo

Ynsanyň ganatly dostlary

Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözellik çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamzada eçilip gelýär. Tebigat bu ummasyz genji-hazynadyr. Onda her zadyň öz orny, öz gerek ýeri bar. Guşlaryň tebigy gözelligi, gelşikliligi, şirin owazy, ýelekleri we beýleki sypatlary adamlary hemişe gyzyklandyryp gelipdir. Türkmenistanda guşlaryň ýaşaýşy dürli-dürlüdir. Olar oturymly, gonup-uçup geçýän, gelip höwürtgeleýän, gyşlaýan we beýleki guşlardyr. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň guşlar dünýäsi hem baý we köpdürlüdir. Bu ýerde guşlaryň 258 görnüşi ýaşaýar. Olaryň umumy sanynyň üçden birine golaýy oturymlydyr ýa-da höwürtgeleýänlerdir. Takmynan, üçden ikisi bolsa geçip gidýän ýa-da gyşlamaga gelýän guşlardyr. Ýurdumyza sowuk howanyň aralaşmagy bilen, Bathyzda gyşlaýan guşlaryň 10-dan gowrak görnüşi peýda bolýar. Biz bu ýerde müňläp gelýän ekinçi garga ýa-da uly garga ýaly gargalaryň birnäçe görnüşine, ýyrtyjylardan bolsa maslykçy garaguş, sähra garaguşy, kiçi guşlardan garapetekeli jokjoky, üşegenje ýaly ganatlylara duşýarys. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä, olaryň käbirleri oturymly ýaşaýyş keşbini alyp barýarlar, käbirleri höwürtgeleýärler, beýlekileri bolsa bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler.

Bathyz pissesi

Ata Watanymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Bathyzda dürli görnüşli agaçlar ösýär. Olaryň arasynda bu ýerdäki pisse agaçlarynyň özboluşly, has aýratyn täsir galdyrýandygyny aýdýarlar. Sebäbi daşyndan seredeniňde edil el bilen ekilen ýaly bolup, biri-birine galtaşman ösüşi bu agaçlary diýseň salyhatly, gözel görkezýär. Boýy 5 — 7 metre ýetýän Bathyz pisseleriniň başga-da üýtgeşik taraplary az däl. Ýagny onuň kökleriniň gaty berk ýaýrandygy üçin töwereginde bir ýyllyk otlardan başga hiç bir agaç düýp tutup bilmeýär. Özem bu agaçlaryň 1000 ýyla çenli ýaşaýandyklary barada maglumat bar.

Ösümlikleriň täsin dünýäsi

Seýle çyksaň bu daglara

Göwünleri joşdurýan bahar paslynda Köýtendagyň ajaýyp tebigaty ýatdan çykmaýan täsirleri galdyrýar. Biz maşgalamyz bilen bu ýere gelenimizde, dag gerişlerine, ýaşyl begrese beslenip ýatan ýapgyt-ýapgyt belentliklere, ýapylaryň ýüzünde otlaşyp ýören dowarlara, egrem-bugram bolup, dagyň çür başyna çykýan inçejik ýodalara ser saldyk. Iki gyrasy sümme tokaýlyk bolup duran dar jülgäni, gögümtil görünýän daglary, olaryň kem-kemden howa garylyp, asman bilen utgaşyp gidýän gerişlerini, dury we arassa asmany, onuň ýüzündäki akja bulutlary synladyk. Asmandaky ak bulutlar lemmer-lemmer bolşup durdular. Gün şöhlesi ýapylaryň ýaşyl gerişlerini gyzdyryp, süňňüne mähir siňdirýärdi, reňkine-reňk goşýardy. Birdenem şemal ak bulutlary allaowarralara kowalap ugrady. Ýagşyň ysy gelip, al-asmandan gaýdan damjalar edil maýdagöz elekden geçýän ýaly ownujakdan sepeläp ugrady.

Tebigat ynsanyň öýüdir

Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy daşymyzy gurşap alan tebigatyň ýagdaýyna, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyklaryna, tebigy baýlyklary tygşytly we rejeli peýdalanyşyna baglydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler tebigatdaky deňagramlylygy saklamaga mümkinçilik berýän sazlaşykly gatnaşyklary tapmaga gönükdirilendir. Daş-töweregimizdäki gurşawy we tebigaty gorap saklamak hem-de tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak Diýarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda we halkara derejesinde ekologiýanyň goralmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň baş maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir raýatyň arassa daşky gurşawda ýaşamaga bolan hukugynyň kepillendirilmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini rejeli ulanmaga hem-de daşky gurşawy goramaga her bir raýatyň borçludygy bellenilýär. Şeýle hem, Baş Kanunda her bir adamyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy aýratyn bellenilýär. Şuňa laýyklykda Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köp öwüşginli görnüşini gorap saklamak boýunça degerli çäreler durmuşa geçirilýär.

Guşlaryň «öýi» (Täsin tebigat)

Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde baglarda ýa üçeklerde guşlaryň guran täsin höwürtgelerine häli-şindi duş gelýäris. Üns beren bolsaňyz, ähli höwürtgeler birmeňzeş däldir, olaryň her biri guşlaryň ýaşaýyş-durmuşyna görä ýasalandyr. Mysal üçin, deňiz guşlary ýyrtyjy penjelerden goranmak üçin belent ýerlerde höwürtgeleýärler. Höwürtgeler guşlaryň ýumurtgalarynyň we nesilleriniň howpsuzlygyny üpjün edýän täsin mekandyr. Olar her bir guşuň ýaşaýşy we durmuşy üçin aýratyn ähmiýete eýe. Höwürtgäni emele getirýän çig mal her bir guş üçin ähmiýetlidir. Tebigatda duş gelýän guşlaryň bir görnüşi höwürtgelerindäki ownuk bölekleri birleşdirmek üçin möý ýüplüklerini ulanýar. Haýran galdyrýan zatlaryň biri, iýmit hökmünde ulanylýan höwürtgeleriň hem barlygydyr.

Täsinlikden doly tebigat (Oýlanma)

«Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýýärler. Özüm-ä baharyňam günleri barada şony aýdardym. Ýöne olara «gylyksyz» diýmäge welin, dilim baranok. Sebäbi günde telim tüýsli özgeräýsin, baharyň her bolşy meniň kalbyma ýakyn. Onsoňam bahardaky özgerişlik diňe bir daş-töweregimde bolup geçenok ahyryn. Ýaz ýagşynyň astynda süllümbaý bolup, sowukdan galdyramaga derek, keýpihon halda aýdyma hiňlenip ýörşümi baharyň özünden başga hiç bir zada meňzedip biljek däl. Baharyň kalbyma salýan howsalaly duýgulary ýyllaryň geçmegi bilen özgeribem barýan ýaly. Olar gitdigiçe agraslanyp, nähilidir bir özbaşdak mana eýe bolup barýan ýaly. Men bu zatlary özümden oýlap tapyb-a aýdamok. Ol özgerişlik, edil, ýaşlygyň bizden alyslaşýanyny boýnumyza alasymyzyň gelmeýşi ýaly, her näçe islemesegem, wagtal-wagtal özüniň bardygyny bildirýär durýar.

Ene ýeriň güni

Ýer güni her ýyl baharda dünýäniň köp ýurdunda adamlaryň ünsüni tebigatyň goragyna çekmek maksady bilen baýram edilýär. Ol Demirgazyk ýarym şarda baharyň, Günorta ýarym şarda bolsa güýzüň başlanýan gününde — 21-22-nji martda bellenilýär. Ilkinji gezek bu çäre 1970-nji ýylda ABŞ-da geçirilýär. Yzygiderli gurnalyp ugralan çäräni dünýä ýüzüniň adamlary haýran galaýmaly tizlikde alyp göterýärler. Şonuň üçinem bu halkara çäre barada: «Zeminiň güni öz-özüni döretdi» diýilýär.

Ýemşen

Ýemşen ýurdumyzyň dag eteklerinde ösýän agaçlaryň biridir. Ol oňat hasyl getirýär. Miwesi süýji bolansoň onuň hyrydary hemişe ýetik. Ýemşen sözi grekçe «berk» diýen manyny berýär. Bu agaç örän berk hem-de uzak ýaşamaga ukyply, onuň 300 ýyldan hem köp ýaşaýandygy bellidir. Ýemşeniň boýy 4 metr çemesi bolýar, käte oňa uzyn gyrymsy agaç görnüşinde-de gabat gelinýär. Ol alma görnüşli agaçlaryň maşgalasyna degişli bolup, ösegenligi bilen tapawutlanýar. Olara derýa boýlarynda, jaryň gyralarynda, şäher eteklerinde-de duş gelinýär. Ýapragy pişme pisint, hatarma-hatar, özi-de uçlujadyr, iki tarapy-da tüýjümekdir. Gülleri o diýen uly däl, ak reňkli, gürden ýaýbaň güllegen bolýar. Bu agaç maý aýynda gülleýär. Ýemşeniň miwesi gyp-gyzyl reňkde bolup, diýseň süýji tagamlydyr.