Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Bulary bilýärsiňizmi?!

Gyş möwsüminde iýilýän miweler beýleki pasyllardakydan biraz üýtgeşik bolýar. Baýramçylyklarda-da, adaty ýagdaýlarda hem saçaklarymyzda orun alan mandarin, pyrtykal, greýpfrut şeýle miwelere degişlidir. Olar biri-birine meňzeş hem bolsa, tagamy-da, daşky görnüşi-de biri-birinden saýlanýar. Eýse, olaryň nähili tapawutly taraplary bolýarka? Mandarin

Kiçi çille

(18-nji ýanwar — 7-nji fewral aralygy) Pelegiň hemme taraplaryna syýahat edip aýlanýan Ýer öz ýolunda dürli ýyldyzlaryň örüsine aralaşýar. Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň hasabyndan başyň çykmagy, olaryň dogup-ýaşýan wagtlary tebigatda bolýan hadysalary anyk bilmek ekerançylykda-da, maldarçylykda-da, durmuşda-da iňňän zerur bolup durýar.

Bathyzyň ajaýyp täsinlikleri

Garadaş Ol ýyl saragtly dostlarymyňka gezelenje baranymda olar:

Palmalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ekilýän dürli baglardyr güller obalarymyzyňdyr şäherlerimiziň gözelligine görk goşýar. Owadan, kaşaň binalaryň öňlerinde, köçeleriň gyralarynda beýleki baglar bilen bilelikde, palmalar hem ekilip, olaryň sany gitdigiçe köpelýär. Palmalar, esasan, tropiki we subtropiki ýerlerde ösýän agaçdyr. Tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan, bezeg agajy bolan palmalar özüniň daşky görnüşi, owadanlygy bilen tapawutlanýarlar.

Ösümlikler dünýäsinde

Dünýäde iň tiz ulalýan ösümlik bambukdyr. Ol bir gije-gündizde 40 santimetrden 1 metre çenli ösýär. *  *  *

Gözelligiň aşygy

Dag eteginde ýaşamagyň aýratyn lezzeti bar. Çar ýanyň dag bolsa özüňi goragly, arkaly duýýarsyň. Halkymyzyň gezelenç etmek üçin iň arzuwlaýan ýerleriniň biri bolan Sekizýap jülgesinde ýaşamagym maňa aýratyn ylham berýär. Öten agşamky güpüläp düşen gar daş-töweregimizi ertekiler dünýäsine öwürdi. Ir bilen bu gözelligi synlap, aklykdan ganyp bilmän durşuma Aşgabatda garyň ýaganyny-ýagmanyny bilmek üçin jorama jaň etdim. Ol howanyň sowandygyny, ýagşyň ýagyp, garyň entek ýagmandygyny aýtdy. Soňra biz joram bilen geçenleri ýatladyk. Joram dagdan inýän çeşme suwunyň aşygy. Myhmançylyga gelen wagty çeşmeleriň owazyny diňläp aýdym diňlän ýaly bolýandygyny ol hemişe gürrüň bererdi. Dag eteginiň gözelligi dil bilen beýan ederden aňyrda. Bu ýerler her pasylda öz gözelligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Käwagt daglaryň göwsüni ýaryp çykýan öt-çöpleri, dürli pürli we miweli agaçlary synlap oturyşyma öz-özüm bu keramatly ýerleriň syrly dünýäsine düşünesim gelýär. Kinniwanja otjagazlaryň, näzijek gülleriň, äpet-äpet agaçlaryň dag göwsüni böwsüp gögermesi diýseň täsindi. Mellegimiziň aýagujunda akyp ýatan durnagöz ýap hem gözbaşyny dagdan alyp gaýdýan çeşme suwy. Ol suwdan taňkada gaýnadyp çaý içen wagtyň dünýäni unudýarsyň. Käkilik otudyr dag narpyzynyň, böwürslendir atgulaklaryň ýakymly ysy lezzet berýändir. Megerem, dag eteginde ýaşaýan adamlaryň sagdyn bolmagy, uzak ýaşamagy hem ş

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Köýtendag - täsin mekan

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli ýurdumyzyň gündogar çetinde ýerleşýän Köýtendag jülgesi tebigaty söýüjileriň we syýahatçylaryň has köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Köýtendagyň asyrlaryň syrlaryny goýnunda saklaýan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän taryhymyzyň dilsiz şaýatlaryna öwrülen gaýalar bilen berk gurşalan täsin ýerleri göreni haýrana goýýar. Köýtendagyň geografiki ýerleşişi - Köýtendag gündogarda Täjigistanyň, Özbegistanyň çäklerinde günbatara uzalyp gidýän Gissar dag ulgamynyň iň günbatarky bölegi - kiçeňräk gerşi bolup durýar. Köýtendag Gissar dag ulgamynyň umumy ulgamynyň uzalýan ugrundan tapawutlylykda demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugrugyp gidýändir. Dag gerşi bilen uzalyp gidýän jülgäniň düýbünden Köýten derýasy akyp, Köýtendagyň günbatarynda tebigy çäk emele getirýär. Köýtendag demirgazyk-gündogarda geriş şekilini ýitirmän, doganlyk ýurt bolan Özbegistanyň çäklerine geçip gidýär. Umuman, Köýtendagyň suw bölüji gerşinden Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçägi geçýär. Bu gerşiň iň beýik depesi 3139 metr belentlikdäki Aýrybaba depesidir. Aýrybaba ýurdumyzyň çäklerindäki iň beýik depe, ýagny Türkmenistan Watanymyzyň iň beýik nokady hasaplanylýar. Köýtendag demirgazykdan günorta tarap uzalyp, günortada Şirbat, günbatarda Köýten derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. O

Il-ýurt bähbitli işiň öň hatarynda

Umumy öýümuz bolan tebigatyň ekologik deňagramlylygyny saklamakda tokaýlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda tokaýlary gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm işe welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri agzybirlik bilen gatnaşýarlar. — Biz döwlet Baştutanymyzyň bagçylygy ösdürmek, oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek ugrundaky ählihalk hereketiniň öň hatarlarynda bolýarys. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gowy görkezijilere eýe bolduk — diýip, welaýat tokaý hojalygynyň baş bagbany Rüstem Joraýew höwes bilen gürrüň berýär.

Gyşyň örküji

Türkmen halkynyň milli senenamasynda uly çille döwri gyşyň örküji hasaplanylýar. Ol dekabr aýynyň 8-inden başlanyp, tä ýanwar aýynyň 17-sine çenli dowam edýär. «Çille» pars sözi bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Uly çille döwri 40 günläp dowam edip, sowuk, garly, çygly howasy bilen tapawutlanýar. Uly çille çopandyr çoluklar üçin iň jogapkärli döwürleriň biri hasaplanylýar. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhanlarymyz bolsa täze hasylyň düýbüni tutmak ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Halkymyz gyşyň bu döwri bilen bagly birnäçe nakyllary hem döredipdirler. Olara «Çille gary ― ýeriň gany», «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz», «Çillede ― çepek, jöwzada ― içmek» ýaly pähimler degişlidir. Şeýle-de halkymyzyň arasynda çille bilen bagly «Çille dolmak — gyş pasly tamamlanmak» diýen düşünje ýörgünlidir. Bular halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda tebigata, onda bolup geçýän hadysalara eden gözegçilikleriniň, durmuşy tejribeleriniň önümidir.

Hazar deňzi hakda

Hazar deňzi dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýapyk suw howdany bolsa-da, onda balyklaryň köp görnüşleri ýaşaýar. Ihtiologlaryň tassyklamalaryna görä, deňizde ýaşaýan balyklaryň görnüşleri 140-dan hem aşýar. Olaryň arasynda uzynlygy adaty otluçöpden geçmeýän kinniwan balyjyklar bilen birlikde uzynlygy birnäçe metre ýetýän uly balyklar hem bardyr. Munuň özi Hazaryň suwunyň duzlulyk derejesiniň dürlüdigi bilen düşündirilýär. Onuň demirgazyk bölegindäki, Wolga derýasynyň deňze guýýan ýerindäki suwunyň düzüminde duz ýok diýen ýalydyr. Akbalyk

Paratetis — iň uly köl

Paratetis Ýeriň taryhynda iň uly köl hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Niderlandlaryň Utreht uniwersitetiniň alymlary braziliýaly, russiýaly we germaniýaly kärdeşleri bilen iňňän gadymy döwürde bu kölüň 2,8 million inedördül kilometr meýdany eýeländigini anykladylar. Munuň özi häzirki Orta ýer deňziniň tutýan meýdanyndan hem uludyr. Mundan, takmynan, 11 million ýyldan hem ozal bu suw howdany günbatarda Alp daglaryna, gündogarda bolsa Türkmenistana çenli aralygy eýeläpdir. Ol özünde suwuň 1,77 million kub kilometrini jemläpdir. Munuň özi onda dünýäniň häzirkizaman kölleriniň ählisindäkiden, takmynan, 10 esseden köp suwuň jemlenendiginden habar berýär. Kölde haýwanlaryň äpet görnüşleri, şol sanda, murtly läheňler ýaşapdyr. Onuň kenaryndaky batgalyklar bolsa häzirki pillerden hem äpet holtumly deýnoteriýalaryň mesgeni bolupdyr. Bu suw howdany 350 müň ýylyň dowamynda kem-kemden gurap, meýdanynyň üçden iki bölegini ýitiripdir. Gara, Hazar we Aral deňizleri onuň galyndylarydyr. Kölüň ady gadymy Tetis ummany bilen baglanyşykly bolup, ol onuň bir bölegi hasaplanylýar. Köl Alp, Karpat daglarynyň we beýleki dag ulgamlarynyň döremegi bilen bu ummandan bölünip aýrylypdyr. Utreht uniwersitetiniň bu suw howdanynyň möçberini öwrenýän alymlary Paratetisiň ýok bolmagynyň esasy sebäbini häzirki wagtda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Biler bolsaňyz...

Üzüm miladydan öňki 6000-nji ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. ***Banan miwe däl-de, ösümlikdir. ***Gülleýän ösümlikler 130 million ýyl ozal peýda bolupdyr.***Dünýäde 298 müň ösümlik görnüşiniň bardygy çak edilýär. ***Ösümlikleriň 70 müň töwerek görnüşi lukmançylykda ulanylýar. ***Dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň 80 müň sanysyny iýip bolýar. ***XVII asyrdan ozal käşirleriň ählisi gyrmyzy reňkde ekeni.

Ýelda

Ýelda — güýz paslynyň ahyrky güni we gyşyň uly çillesiniň başlangyjy. Adatça, gyş paslynyň bu güni ýagyş-ýagmyryň kän ýagmagy bilen häsiýetlendirilýär. Muny nusgawy edebiýatymyzyň wekili Seýitmuhammet Saýadynyň şu setirleri hem tassyk edýär: Bolup ol gije göýä ki ýeldan,Howadan ýagdy ýagmyr misli neýsan.

Palmalar

Seýilgählerde ekilýän dürli agaçlardyr güller tebigatyň gözelligine görk goşýar. Ýurdumyzda beýleki agaçlar bilen bilelikde palma agaçlaryna hem aýratyn üns berilýändigini hem-de olaryň sanynyň artdyrylmagy üçin dürli görnüşleriniň ekilýändigini bellemek gerek. Aslynda palmalar tropiki we subtropiki etraplarda ösýän agaçlardyr. Bu agajyň esasy gelip çykan watany Hindi-Malaý we Gwineý-Brazil topraklary hasaplanylýar. Palmalar tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan ajaýyp we özboluşly agaçlardyr. Bu agaç bezeg agajy bolmak bilen, islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Çünki olar özüniň daşky görnüşi we owadanlygy bilen beýleki agaç görnüşlerinden mese-mälim tapawutlanýarlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +8... +13 gradus maýyl bolar.

Garagum sährasy – gaýtalanmaýan gözelligiň mekany

Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny, ýagny 350 müň inedördül metr töweregini tutýan Garagum sähramyz özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda Horezm golunyň, gündogarda Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýuň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Garagum sährasynda ýaşan ata-babalarymyz hemişe tebigata paýhasly garamak bilen, ondan öz ýaşaýyş-durmuşy üçin iň bir zerur zatlary almagy başarypdyrlar. Ylaýta-da, olar özleriniň saglygyny hut Garagumuň tebigaty, ösümlik dünýäsiniň üsti bilen aýawly gorap saklapdyrlar. Mysal üçin, dana pederlerimiz tikenli göýüli, keýigoty ýaly içki beden agzalaryny, daşky bedeni kesellerden gorap saklamakda iň bir ýörgünli ulanylýan ösümlikleri melhem ot hökmünde peýdalanypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Gar

Dagdan

Türkmen halky ösümlik dünýäsini gorap saklamak, olary artdyrmak bilen baglanyşykly birtopar adatlary, däpleri, yrym-ynançlary döredipdir. Agaç nahalyny oturtmak haýyrly, sogap iş hasaplanýar. Halk arasynda «Agaç eken, köpri guran, guýy gazan adamyň ömri haýp geçmeýär» diýilýär. Ata-babalarymyz tebigata hiç hili zeper ýetirmezden, oňa aňly-düşünjeli täsir etmegi öwrenip, ösümlik dünýäsine aýratyn aýawly çemeleşipdirler. Halk arasynda dagdan agajyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň goraýjy güýjüniň bardygyna ynanylýar. Halkymyzda «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýilmegi-de muny tassyklaýar. Dagdan agajyna başgaça «karkas, daş agajy» hem diýilýär. Ol, esasan, Köpetdagyň merkezinde we günbatarynda, şeýle-de Uly Balkan daglarynda köp duş gelýär. Halk arasynda dagdan agajynyň şahalaryndan dürli şekilleri ýasap, gorag hökmünde ýanyňda saklamak däbi bolup, onuň gözden-dilden goraýandygyna ynanylýar. Häzirki wagtda gorag dagdanlary has hem senetleşdirilip, dürli görnüşlerde duş gelýär. Olary köplenç ýaş çagalarda, has takygy, 3-4 ýaşa çenli çagalarda, täze gelinlerde, ýaşuly zenanlaryň köýneklerinde görmek bolýar. Gözden-dilden goramak maksady bilen, dagdan bölejiklerini çagalaryň sallançagynyň ýokarsyna we jaýyň girelgesine asýarlar. Türkmenleriň ak öýlerinde bolsa häzirki wagtda-da üçburç görnüşli dagdan bölejigini tüýnügiň ýüpüne asyp goýýarlar. Bäherden etrabynda

Tebigatyň ajaýyp gözelligi

GÜLLER — DURMUŞYMYZYŇ BEZEGI Güller — dünýäniň bezegi. Al-elwan öwüsýän ajaýyp güller ynsan ömrüniň bezegi. Hoştap ysy bilen bark urýan näzijek güller kalplaryň bezegi. Zemin zynaty hasaplanylýan dürli öwüşginli güller ýagty geljege hoş umyt bilen garaýan ynsany ýaşaýşa ruhlandyryp, kalbynda ajaýyp duýgulary oýarýar.

«Hazar» — tebigatyň gözel künjegi

Türkmenistanda bar bolan 9 sany tebigy goraghananyň içinde «Hazar» döwlet tebigy goraghanasy ýeke-täk deňiz goraghanasydyr. Çünki onuň tutýan meýdanynyň 70 göterimden gowragyny deňiz suwunyň akwatoriýalary eýeleýärler. Goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan ençeme dürli temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ol temalar goraghananyň meýdanlarynda bar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsi barada maglumatlary toplap, ylmy taýdan öwrenmekden ybaratdyr. Hazar deňziniň gözelligi onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hazar ýakasynyň tebigaty haýran galdyryjy köpdürlüdir. Goraghanada dürli ösümlikleriň 419 görnüşi bellige alnyp, onuň köp bölegi Etrek derýasynyň aşaky akymlarynda ýerleşendir. Hazarda ýaşyl, gyzyl, goňur suwotular agdyklyk edýär. Deňzi mesgen edinen haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, olaryň käbirleriniň ýokary derejede endemik hasaplanylmagydyr. Ylymda endemik diýlip, şol bir ýerde ýaşaýan, başga ýerlerde asla duş gelmeýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerine aýdylýar. Şonuň üçin olaryň onlarça görnüşleri kenarýaka döwletleriň Gyzyl kitaplaryna, şeýle-de halkara Gyzyl kitabyna girizilendir.