Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

«Arkadag» ýyldyzynyň şuglasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ata Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki halkara at-abraýynyň, şan-şöhratynyň günsaýyn ýokarlanýan, dabaralanýan ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyldyzlar tebigaty boýunça bize ýakyn bolan Güne meňzeşdir. Olar gyzgyn gazlardan durýan we öz-özlerinden ýagtylanýan uly göwrümdäki asman jisimlerdir. Ýyldyzlar Gündenem has uzakda ýerleşýändigi üçin olar teleskopda ýylpyldaýan nokatlar ýaly bolup görünýärler.

Çomuçlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Tebigata söýgi türkmen halkynyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Eziz çagalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir işler bagtyýar geljegiň hatyrasynadyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli sähralarymyz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz, bal suwly dag çeşmelerimiz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Halkymyz el işlerinde, aýdym-sazlarynda ajaýyp tebigatymyzy suratlandyryp görkezmegi başarypdyr. Dünýä belli türkmen halylarynyň reňki dürli ösümliklerden alnypdyr, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Şonuň üçin hem, türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlarboýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Tebigatymyzy goralyň!

Ýurdumyzda yssy howaly günleriň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini pugta berjaý etmelidigini ýatladýar. Tokaýlarda, seýilgählerde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gönükdiriş — düşündiriş işleri geçirilip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr abzallary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Baglary guran haşal otlardan arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly agaçlaryň şahalarynyň howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpunyň döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsse çykarýan abzallary uçgun söndüriş enjamlary bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýynyň elmydama gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly. Işledilýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bolan keçe, pil, palta, çäge, suw, ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilip, başga maksatlar üçin ulanmazdan, abat ýagdaýda saklanmaly.

Ýagyşly köçe

Dünýäde özüniň täsinligi we ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şäherler, binalar we köçeler diýseň kän. Ine, şolaryň biri hem, jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri Dubaý şäheridir. Bu şäherde kenardan iki kilometr uzaklykdaky emeli adalaryň birinde 2023-nji ýylda emeli görnüşde hemişe ýagyş ýagýan köçe halka hyzmat edip başlady. Şäher ýaşaýjylaryny we myhmanlary haýrana goýýan köçäniň ýokarsy dürli reňkli saýawanlar bilen bezelen. bu ýerde ýöreýänler ýagşyň emeli görnüşde ýagýandygyny duýmaýarlar. Uzynlygy 1 kilometre barabar bolan köçede howanyň temperaturasy 27 gradus derejede saklanýar. Eger howa aşa gyzan ýagdaýynda göze görünmeýän turbalar arkaly ýagýan ýagşyň tempereturasy has hem peseldilýär.

Çynar — gözelligiň nyşany

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, ata Watanymyzda çynar agajy köpçülikleýin ösdürilýär. Goýry kölegeli, belent başly bu daragt berkligiň, owadanlygyň, uzak ýaşlylygyň nyşany hasaplanylýar. Şu häsiýetli aýratynlyklaryny nazarda tutmak bilen, ene-atalar yrym edip, täze dünýä inen gyz bäbejiklerine Çynar, Çynargül, Çynarbibi ýaly owadan atlary hem goýýarlar. Gadymy döwürlerden bäri arzylanyp gelýän bu agaçlar derýalaryň kenarlarynda, çeşmeleriň boýlarynda, daglaryň jülgelerinde, dag tokaýlyklarynda ösýärler. Adamlar olary ilatly ýerlerde hem köpçülikleýin oturdýarlar. Çynar agajy howany zyýanly gazlardan arassalamakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Suw howdanlarynyň golaýynda oturdylan çynarlar bolsa suwy gyzmakdan we aşa bugarmakdan goramakda ähmiýetlidir. Ýurdumyzda çynarlaryň şeýle peýdaly taraplary nazarda tutulyp, olardan gorag zolaklary hem döredilýär.

Ak leglek, gara leglek

Köýtendagyň haýwanat dünýäsi örän baýdyr. Olaryň arasynda seýrek duşýan guşlar hem bar. Olaryň biri-de gara leglekdir. Bu täsin guşlar gojaman dagymyzda mesgen tutunyp, onuň gözelligine gözellik goşýarlar. Leglekler uzyn injikliler maşgalasyna degişli bolup, olar özüne uruglaryň altysyny, görnüşleriň hem on ikisini birleşdirýärler. Biziň sebitimizde bolsa olaryň diňe iki görnüşi: ak we gara leglekler duş gelýärler. Olar özleriniň daşky keşpleri, ýelekleriniň reňkleri boýunça tapawutlanýarlar. Gara leglekler biziň goraghanamyzyň çäginde duş gelýärler. Olar ýitip gitmek howpy abanýan guşlar hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Ganatly zebra balygy

Ýer ýüzünde ganatly zebra balygynyň 170-den gowrak görnüşi bolup, olar öz ölçegleri we reňkleri bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu balygyň hemme görnüşinde-de kükrek ýüzgüçleri bolýar. Ganatly zebra balyklarynyň bedeniniň uzynlygy, ortaça, 30 santimetre barabardyr. Ýöne bu balyklaryň Karib deňzinde duşýanlarynyň bedeniniň uzynlygynyň 55 santimetre ýetýändigi anyklanyldy. Bu balyklar ýüzgüçleriniň has gowy ösendigi sebäpli uly görünýärler. Onuň ýüzgüçleri guşuň ganatyna meňzeýär. Kellesinde köpsanly iňňe ösüntgileri bolýar. Ganatly zebra balygynyň ullakan gözleri bardyr. Olaryň ýüzgüçleri arkasynda ýerleşip, iki bölege bölünýär. Ýüzgüçleriň öňki bölegindäki ösüntgileri yzky bölegindäki ösüntgilere garanda, uzyn we ýiti bolup, şöhlä meňzeş şekili emele getirýär. Bu ösüntgileriň uçlarynda zäherli mäzler saklanýar. Olaryň jemi 18 sany zäherli ösüntgisi bolup, onuň 13-si arka böleginde, 3-si garnynda, galan 2-si bolsa guýrugyna ýakyn ýerleşendir. Bu ösüntgileriň täsin gurluşy bolup, olar uzaboýuna ýygyrtly bolýar. Bir ösüntgidäki zäheriň mukdary adam üçin howply däldir.

Ýapon bereskleti

Ýapon bereskleti köpýyllyk, hemişe gök öwüsýän gyrymsy agaçdyr. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda landşafty bezemekde giňden peýdalanylýar. Beresklet ýylyň bütin dowamynda ýapragyny düşürmän saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýapraklarynda doýgun ýaşyl reňk bilen açyk sary reňkiň sazlaşygy tebigatyň görküne görk goşýar. Tebigy ýagdaýda bu agajyň boýy 7-8 metrden geçmeýär. Ýöne owadan keşp emele getirmek maksady bilen gyrkym işleriniň geçirilmegi netijesinde onuň boýy 1-1,5 metre getirilýär. Ýapon bereskletiniň şahalary ýylda, ortaça, 20 santimetre çenli ösýär. Bu bezeg ösümligi otag şertlerinde-de owadanlyk hem-de howany arassalamak maksady bilen giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ýaşyl hem-de sary reňkli ýapraklarynyň ölçegi 3 — 8 santimetr aralygynda bolup, gyralary diş-diş şekilli, süýri, galyň, üsti tekiz hem ýalpyldawukdyr. Bereskletiň açyk ýaşyl reňkli we sary tegmilli örän ownujak güljagazlary bolýar. Ösümligiň kiçijik şar şekilli miwesi sentýabr aýynda bişip ýetişýär hem-de oktýabr aýynyň ahyryna çenli baldaklarynda saklanýar. Mämişi we gülgüne reňklerdäki miweleriniň içinde kiçijik garamtyl tohumy bolýar. Tebigaty gözel görnüşe getirmek diňe bir bezeg ösümlikleriniň oturdylyşyna bagly bolman, eýsem, olaryň gunçalap, gül açmagyny gazanmaklyga we terligine saklanylyşyna-da baglydyr. Biziň ýurdumyzda hem bezeg ösümlikleri oturdylanda, olaryň ýylyň tutuş dowamynda owadanly

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!

Behişdi toprak Tebigat her bir ynsanyň gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak öýüdir. Hut şonuň üçin her birimiz öýümiz hasaplaýan tebigatymyza aýawly garamalydyrys. Ata Watanymyzyň hiç wagt gaýtalanmajak haýwanat hem-de ösümlik dünýäsini gorap saklamak, olara aýawly çemeleşmek hemişe wajyp meseleligine galýar. Munuň şeýledigine bu derwaýys meselä Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz iňňän uly üns berýärler. Şeýlelik bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak bilen bagly möhüm wezipeler öňde goýulýar.

Saryja tomus: Üçýyldyz döwri

Türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän Ýyldyz senenamasynyň döwürleri özboluşly howa aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ýyldyz senenamasynda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýen atlar bilen ýatlanylýan Üçýyldyz döwri bilen baglanyşykly maglumatlar has-da gyzykly. Bu barada öz habarçymyz Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat Medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez ALLAJYKOWA ýüz tutdy. Şonda ol bu döwür baradaky pikirlerini, çaklamalaryny özüniň toplan baý durmuş tejribesine we ýylyň-ýylyna biri-biriniň üstüni ýetirip gelýän baý gözegçilik maglumatlaryna esaslanyp, şeýle gürrüň berdi: — Halkymyzda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýlip atlandyrylýan Üçýyldyz döwri bu paslyň iň petiş, iň yssy günlerini öz içine alýar. Üçýyldyz dymyk, petiş howaly, Gün şöhlesiniň ýiti günlerinde — iýul aýynyň 23-ine daňdan dogýar we bu döwür awgust aýynyň 12-sine çenli, Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzy bolan Ýaldyragyň daňdanlar görünýän wagtyna çenli dowam edýär. Ol hem 12-nji awgusta, daňdan sagat dörde gabat gelýär.

Aral deňzi: gaýtadan döreýiş

«Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar » diýleni. Munuň şeýledigini birwagtlar gurap çöllüge öwrülen Aral deňziniň mysalynda aýtsa bolar. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň Aral deňzini gaýtadan dikeltmek baradaky bilelikdäki tagallalary netijesinde deňziň suwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,5 esse artdy. Gazagystan hem-de Özbegistan döwletleriniň araçäginde ýerleşýän Aral deňziniň dolanyp gelmeginde Gazagystanyň Gyzylorda welaýatynda gurlan Kokoral bendiniň hem oňyn täsiriniň bardygyny bellemek zerur. Bu bendiň gurulmagy bilen günbatar Aralda suwuň möçberi artdy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Daglar we ýollar

Eger gudrat göreý diýseň... Zeminde suwam bar, çölem bar, buzlugam bar, dagam bar. Hersi öz ýerinde gözelem, ýowuzam. Ýöne, näme üçindir, olaryň arasynda adamy dag ýaly özüne çekýän zat az. Dag bilen suwy şekillendirýän hytaý «şan-şuýy» dünýäde meşhur. Bu peýzaž kompozisiýasyndan dagyň şekilini aýryp, diňe suwy goýsak, häzirki meşhurlygyndan yz galar öýdemok.

Tebigat — biziň öýümiz

Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Hereket edýän kanunçylyk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara goşulmagyny, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan düzgünnamalary berjaý etmegini ýeterlik hukuk mümkinçiligi bilen üpjün edýär. Munuň üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertleri döredilendir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tokaý, Türkmenistanyň Sanitariýa, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksleri, «Ekologiýa auditi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda», «Uglewodorod baýlyklary hakyndaky», «Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaklyk hakyndaky», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki degişli hukuk namalary kabul edildi.

Gözel tebigatyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda tebigaty, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny düşündirmek, ýaşlaryň garaýyşlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly çärelere, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-durmuş wakalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurdaky möhüm işleriň biri boldy. Şu waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: «Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanylan hazynalar çeşmesidir». Munuň özi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ýurdumyzyň tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, baýlaşdyrmak, olary öwrenmekligi ylmy esaslarda alyp barmak babatdaky goşandyny anyk kesgitleýär.

Gyzyl kitaba girizilen çomuçlar

Çomuç derman, tehniki çig mal we iým serişdesi hökmünde gymmatly ösümlikdir. Onuň kökünde 20 — 30 göterime çenli sakyz saklanýar. Çomujyň ýagy, şepbigi senagatyň dürli pudaklarynda hem-de lukmançylykda ulanmak üçin himiki maddalary almakda peýdalanylýar. Biologik işjeň maddalar ösümligiň kökünde hem-de baldagynda saklanýar. Ysly we täjik çomuçlary (Ferula foetida, F.tadshikorum) — saýawanlylar maşgalasyna degişli bolan, boýy 100 — 150 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümliklerdir. Olar aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý — iýul aralygynda miweleýär. Ysly çomuç Üstýurtda, Üňüzaňyrsy we Günorta-Gündogar Garagumda duşýar. Täjik çomujy Köýtendagda, esasan, Hojaýpil hem-de Hojagarawul döwlet tebigy çäkli goraghanalarynyň çäklerinde, Gowurdak pes daglyklarynda ýaýrandyr. Bu ösümlikler ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüşler hasaplanýar. Sebäbi gadymdan bäri ýerli ilat olary ir bahardan, tä tomsuň ortasyna çenli iýmitlik, dermanlyk, dürli milli tagamlara ýakymly ys beriji serişde hökmünde peýdalanýarlar. Ýerli ilat tarapyndan, esasan, iýmitlik üçin çomujyň ýerden ýaňy gögerip çykan, ýapraklanmadyk sütünini tä miweleýänçä, köküniň ýokarky bölegi bilen bilelikde peýdalanylýar. Soňky ýyllarda toşap gaýnatmak üçin ýokarky bölegini ýygnaýarlar we ýaz-tomus aýlarynda köküniň ýokarky bölegini kesip, onuň sakyzyny hem alýarlar. Çomujyň baldagy kesilenden soňra, ol ösüşini d

Zeňňibaba — tebigatyň iň gözel künjegi

Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy we onuň çäkli goraghanalaryna ýanaşyk ýerler tebigy gözelligi, ajaýyp görnüşi bilen islendik adamy haýran galdyrýar. Şeýle gözel künjekleriň hatarynda Zeňňibabanyň aramgähi ýerleşýän düzlügini, Akjagaýa çöketligini, Mergenaşan jaryny buýsanç bilen belläp bileris. Tebigatyň bu gözel ýerleri geografik ýerleşişi, landşafty, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýarlar. Halk arasynda aýdylýan rowaýata görä, birwagtlar bu ýerlerde Zeňňibaba atly keramatly adam ýaşap geçipdir. Ony gara mallaryň we öý haýwanlarynyň piri hasaplapdyrlar. Bu keramatly adam daş-töweregi dürli görnüşli otlardan, ösümliklerden bol bolan süýji suwly kölüň kenaryna golaý ýerleşýän üsti tekiz beýik depede oturyp, şol meýdanda sygyr bakypdyr. Şol beýik depäniň üstündäki uzynlygy 7 metre barabar bolan Zeňňibabanyň guburynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galmagy gaty täsin. Häzir hem şol köl Zeňňibaba köli diýlip atlandyrylýar. Zeňňibaba Daşoguz welaýatynyň merkezinden 180 kilometr we Ruhubelent şäherçesinden 60 kilometr günorta-günbatarda, Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň etegindäki çöl giňişliklerinde ýerleşýär. Ol welaýatyň Ruhubelent we Boldumsaz etraplarynyň ätiýaçlyk ýerlerine degişlidir.

Mele suwly Amyderýanyň täsinlikleri

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda zerur çäreleriň göwnejaý guralmagynyň netijesinde goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi ýyl geldigiçe artýar. Mele suwly Amyderýanyň kenarlaryna uzalyp gidýän tokaýlyk meýdanynyň uly bölegi goraghananyň çäginde ýerleşýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda tokaýlyklaryň tutýan meýdanlaryny giňeltmek, olaryň goragyny we gözegçiligini güýçlendirmek hakda bellenilýär. Şol maksatnamadan ugur alyp, goraghananyň hünärmenleri tokaýlary aw awlamak, mal bakmak, miwe ýygnamak ýaly maksatly kanun bozujylardan goraýarlar. Derýanyň bol suwy, onuň kenaryndaky tokaýlyklar, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi tebigatyň ynsana beren peşgeşidir. Ýylyň yssy döwründe daglardaky garlaryň we buzlaryň çalt eremegi netijesinde güýçli daşgynlar döreýär. Bu tebigy hadysa tokaýlarda ýaşaýan haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerini kynlaşdyrýar. Ýüze çykyp biläýjek şeýle kynçylyklaryň öňüni almak üçin goraghana işgärleri dürli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olaryň tagallalary arkaly tokaý haýwanlarynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler döredilýär.

Gaýduwsyz itaýy

Itaýylar (Mellivora capensis) — ýyrtyjylar toparyna, samyrlar maşgalasyna degişli haýwanlardyr. Bu jandar tebigatdan «Ýitip barýan görnüş» derejesi berlen haýwanlaryň biri. Şonuň üçin olar tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplarynyň sanawyna girizilendir. Bu jandar meýdan alamatlary barada gysgaça beýan etsek, orta ululykdaky, kelle-aýaklary güýçli we berk penjeli haýwanlardyr. Ol torsuga çalymdaş bolsa-da, onuň ýüzi gysgarak we togalak, gulaklary bolsa örän kiçi. itaýylar örän çalasyn, özge ýyrtyjy haýwanlardan, ýylanlardan gorkmaýarlar, onuň hamy öte galyň we gorag üçin ýiti dişleri hem-de dyrnaklary bar. Ýene bilmeli gyzykly zatlaryň biri, olary zäherli ýylanlar çakandan soňra, bu jandar ölen ýaly ýatyp, 20 — 40 minut geçensoň, hiç zat bolmadyk ýaly bolup, öz ugruna turup gidýär.

Her daban ýeriňde keramat gördük

«Ýer ala, ýurt ala» Biziň söhbedimiz eziz ene topragymyzyň uç-gyraksyz meýdanlary, gözel tebigaty, dag-dereli, çeşme-çaýly, giň sähraly ýaýlalary, kerem-keramatly ýerleri hakda. «Ýagşyny görmek jennet» diýilýär halkymyzda. Hydyr gören sähralara, asyrlaryň şaýady bolup oturan belent daglara gezelenç edip, arassa howadan dem almak, şildiräp akýan çeşme suwundan ganyp, eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny synlamak diýseň lezzetli. Ata-babalarymyzyň ýatan keramatly ýerlerine aýlanyp, olaryň ruhuny şat etmek, aýat-doga okamak bolsa sogaply işleriň biri. Bu gezekki döredijilik saparymyzda biz ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň keramatly ýerlerini, täsin tebigatly meýdanlaryny görmek maksady bilen ýola düşdük. Ir säherde paýtagtymyzdan çykyp, ýüzümizi günbatara tutup barşymyza, Gün öýleden aganda, Balkanabat şäherinden geçdik. Jebel şäherçesiniň üsti bilen gündogarlygyna tarap ugur alanymyzda, ýoluň ugrundaky: «Gözli baba 130 km. Ärsarybaba 235 km. Gaýtarmyş ata 160 km» diýen ýazgy hemmämiziň ünsümizi çekdi. Keramatly ýerlere çenli menzili görkezýän sanlar ýoluň agramly böleginiň heniz öňdedigini aňladýardy. Ykjam oturyşymyza, ýol ugrundaky hiç bir täsinligi gözden salmajak bolup, ulagyň aýnasyndan ikiýan tarapy synlap barýardyk.