Sagdynlyk — bagtyýarlygyň sakasy
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanmak bilen, sporty we bedenterbiýäni hemişelik hemrasyna öwürýän ýaşlar kemala gelýär. Halkymyzda ähli döwürlerde hem nesiller sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelenipdir. Berk bedenli, gujur-gaýratly, sagdyn nesil baradaky alada ileri tutulypdyr. Taryha nazar aýlanymyzda, hereketli çaga oýunlarynyň döredilmegi çagalary durmuşa taýýarlamagy maksat edinen özboluşly sagdynlyk mekdebi bolup hyzmat edipdir we olarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň sagdynlygy ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalar bilen utgaşýar. Bu ugurda amala aşyrylýan tutumly işler munuň aýdyň subutnamasydyr. «Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine we ornaşdyrylmagyna gönükdirilen tutumly işler demokratik, hukuk, düný