Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ömür — öz gymmatlygymyz

Rahat uky saglygy berkitmegiň we harçlanan energiýany dikeltmegiň iň gowy usulydyr. Saglygy berkitmek üçin hökman 7-8 sagat ýatmaly. Rahat uky immun ulgamyny hem kadalaşdyrýar. Aç gezmek ýa-da artykmaç iýmek bularyň ikisi-de özüňizi duýşuňyza ýaramaz täsir edýär. Günüň dowamynda 1,5-2 litr möçberinde arassa suw içmek maslahat berilýär. Iýmitiňizdäki süýji önümleri azaldyň. Ter gök önümleri we guradylan miweleri köpräk iýmeli. Nahardan soň gezelenç etmeli, hereketde bolmaly. Gündelik iýmitiňize et we balyk, gök önümleri, miweleri, galla, süýt we süýt önümlerini goşmaly. Fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi madda çalşygynyň peselmegine, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerine, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň näsazlyklaryna getirýär. Günde azyndan 1 sagat pyýada ýöremek maslahat berilýär. Eger-de oturyp işleýän bolsaňyz, arakesmede, hökman pyýada gezelenç etmeli.

Dem alyş maşklary

Käte dertden gutulan halatymyzda: «El bilen aýrylan ýaly boldy» diýmämiz bardyr. Munuň aňyrsynda halk tebipçiliginde asyrlaryň dowamynda ynsan bedenindäki bejeriş nokatlarynyň öwrenilip, şolary yzarlamak, owkalamak arkaly dürli keselleriň bejerilendigi baradaky hakykat ýatyr. Gündogar lukmançylygynda beden we dem alyş maşklarynyň hem sagaldyş görnüşleri işlenilip düzülipdir. Kesellere garşy göreşijiligi berkitmekde, ýoňlamagyň ýeňil geçmeginde dem alyş maşklarynyň täsiriniň uludygyny lukmanlar belleýärler. Biz hem meşhur türgenler tarapyndan yzygiderli peýdalanylýan maşklaryň käbirini size ýetirmegi makul bildik. Dem alyş maşklary bedeniň gyzgynlygy 38 gradusdan ýokary bolmadyk wagty geçirilmeli.

Nurana ýüzler — sagdynlygyň aýnasy

Oglanlaryň jahyllyk çaglarynda, gyzlaryň kämillik ýaşyna ýeten mahallarynda ýüzünde emele gelýän düwürtikler belli-belli sebäplere görä, deridäki ýag mäzleriniň işjeňliginiň kadadan ýokarlanmagy netijesinde ýüze çykýan näsazlyklardyr. Düwürtikleri bejermegiň ugur-ýollary kän. Emma beden gurluşlaryň biri-birine meňzeş bolmaýşy ýaly, olary bejermek hem dürli-dürlüdir. Düwürtikleriň käbirine derman serişdeleri haýyr etse, käbir görnüşine tebigy ýapgylar peýda edýär. Kähalatlarda olaryň ters täsir etmek ähtimallygy hem bardyr. Şonuň üçin bu meselede deri-wenerolog lukmanlara ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Saglyk — baş baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bedew batly ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry adam hakdaky alada gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriň uly toplumy bellenendir. Şolaryň hatarynda azyk önümlerini ulanmagyň, adam bedeniniň zäherlenmeginiň öňüni almagyň wezipeleri hem uly orun eýeleýär. Azyk-iýmit önümleri öndürilende, saklanylanda, taýýarlanylanda, degişli ýerlere daşalanda bu ugra degişli senagat, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, söwda nokatlarynyň işgärleri tarapyndan sanitariýa-gigiýenanyň, sanitariýa-epidemiki kadalaryň bozulmazlygyna uly üns hem ähmiýet bermekleri zerur hasaplanýar.

Melhemler mekany

Mähriban halkymyz bu gün hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, sagdyn jemgyýetçilik gurluşynyň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleri, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň bu ugurda halkara guramalaryň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar.

Bedew batly ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Ata Watanymyzda döwrebap saglyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, milli sportuň ösdürilmegi, ýaş nesillerden başlap, ähli ýaşdaky raýatlarymyzda sagdyn durmuş endikleriniň kemala getirilmeginde hem möhüm ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýola goýlan saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýadyny düýpli kämilleşdirmek işleri bu gün köpugurly we netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde döwrüň ösen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalardyr saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem köpsanly saglyk öýleridir hassahanalar ildeşlerimize bökdençsiz hyzmat edýär. Welaýatymyzda 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu saglygy goraýyş edaralarynyň halkara güwänamalaryň hem birnäçesine mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Olar näsaglara edilýän hyzmatyň, hassahananyň dolandyrylyşynyň, howpsuzlygynyň, maglumat we aragatnaşygyň, kliniki töwekgelçilik

Täze binalaryň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gysga wagtyň içinde ägirt uly ösüşler gazanyldy. Jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. «Ene mähri», Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, Köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, olaryň öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda ýokary netijeler gazanyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn hem, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlyg

Ýaşaýşyň ýaraşygy

Ata Watanymyzyň şöhratly geçmişini öwrenmek, şu günki gazanan üstünliklerimize buýsanyp, halal zähmet çekmek, bilim almak, döretmek her birimiz üçin uly bagtdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahsy göreldeleri biz — ýaşlar üçin baş ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ýaşlary sporta çekmäge aýratyn uly üns berilýär. Munuň özi sagdyn we ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilendir.

Bar nygmatdan ýegdir, saglyk mazasy

Dünýä belli alym Ibn Sinanyň belleýşi ýaly, adam saglygy daşky gurşaw bilen baglydyr. Sagdynlyk — ynsanyň başynyň täji. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýän il saglygyny goramak bilen bagly parasatly pikirler öz beýanyny tapypdyr. Şahyr: «Bar nygmatdan ýegdir, saglyk mazasy» diýmek bilen, saglygyň dünýe malyndan gymmatlydygyny belleýär. Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durmagy we pasyl çalyşmagy bilen möwsümleýin keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. Şuňa görä möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen saglygymyza has-da esewan bolmagymyz gerek. Zyýanly mörjewler arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin hem öý-içerini tämiz saklamaly, çygly arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçirmeli. Içerini ýelejireden wagtyňyzda şemal çekýän ýerde durmak, sowadyjyda duran suwy içmek maslahat berilmeýär. Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden mäkäm goranmaga kömek edýär. Elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda, agzyňyzy, burnuňyzy birgezeklik elýaglyk bilen ýapmaly.

Tebigatymyzyň melhemlik ösümligi

Ýandak — kösükliler maşgalasynyň adybir urugyna degişli bolmak bilen, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Gymmat bahaly dermanlyk, ot-iýmlik, bal beriji bu azyklyk ösümligiň dünýäde we ýurdumyzda birnäçe görnüşi duşýar. Onuň kökünde krahmal, witaminler, karotin, antraglikozidler, otunda triterpenoidler, saponinler, flawonoidler bar. Tikenekli şahalarynda, ýapraklarynda, güllerinde organiki turşulyklar, flawonoidler, bulardan başga-da, ýandakda natriý, kalsiý, magniý, demir, allýuminiý, titan, fosfor, margenes, kremniý saklanýar. Lukmançylykda ýandak — ganly içgeçmede, tonzilitde, stomatitde, ginekologik kesellerde, şeýle hem derlediji, iç sürüji serişde hökmünde ulanylýar. Halk lukmançylygynda ýandagyň otundan taýýarlanylýan jöwheri we peti köplenç aşgazan-içege, öthalta, dalak, bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde peýdalanylýar. Sowuklama keselleri zerarly dörän gurak üsgülewügi ýumşatmak üçin hem içilýär. Ol gan basyşyny kadalaşdyrýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly ýag Zeýtun ýagy saglyk üçin iň gymmatly iýmit önümleriniň biri hasaplanylýar. Bu ýag saglygy dikeltmek üçin ir döwürlerden bäri peýdalanylyp gelinýär. Ol örän seýrek gabat gelýän, adam organizminde 100 göterim özleşip bilýän iýmitleriň hataryna girýär. Zeýtun ýagy iýmit siňdiriş ulgamynda, aşgazan-içege keselleriniň öňüni almakda, adamyň immunitetini ýokarlandyrmakda, ýatkeşligi gowulandyrmakda, süňkleri berkitmekde, şikesleriň we ýaralaryň tiz bitmeginde, gaharjaňlygyň, şeýle hem onkologiýa keselleriniň öňüni almakda örän peýdaly bolan ýaglaryň biridir.

Bagtyýar durmuşyň girewi

Ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda döredilýän şert-mümkinçilikler munuň aýdyň kepilidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  asylly maksatlara gönükdirilen taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda iň gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyzy goramakda ýetilýän sepgitlerem nusgalykdyr. Ilatyň saglygyny berkitmekde, bedenterbiýäni hem-de sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek arkaly keselleriň öňüni almakda, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň, şypahanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň hataryny artdyrmakda gazanylýan üstünlikler her birimizi buýsandyrýar. Berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýola goýmakda, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görmegini üpjün etmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. 

Saglyk — başymyzyň täji

♦ Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli. ♦ Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Ynsan saglygynyň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy hakda uly alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda: “Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip bellemegi hem ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýetiň berilýändigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynda ýakyn wagtda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň işe giriziljekdigi barada aýtmagy saglygy goraýyş işgärlerinde buýsanç duýgusyny döretdi.

Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda aladalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zyýanly endikleri ulanmagyň öňüni almaga gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet Maksatnamasyndan ugur alyp, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara merkezleri açylyp

Sag başym — soltan başym möwsümleýin ýiti respirator

Ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin şu kadalary berk berjaý etmeli: ► Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli;

Mag­tym­gu­ly py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ryn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­lala­ry ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ýur­du­myz­da çuň­ňur or­naş­ýar. Sag­lyk — iň gym­mat­ly baý­lyk. Üýt­gäp dur­ýan daş­ky gur­şaw­da be­de­ni­ňi sag­dyn sak­la­mak iň esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri. Mu­nuň üçin bol­sa il­kin­ji no­bat­da, be­de­ni tap­la­mak ze­rur­dyr. «Akyl­dan ar­tyk baý­lyk ýok, sag­lyk­dan gym­mat zat ýok», «Bar za­dyň sa­ka­sy sag­lyk», «Sag ba­şym — sol­tan ba­şym», «Sag­ly­gym — baş baý­ly­gym» diý­li­şi ýa­ly, be­de­ni tap­la­mak üçin bol­sa ka­da­ly iý­mit­len­mek, be­den maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak wa­jyp­dyr.

Bar nyg­mat­dan ýeg­dir sag­lyk ma­za­sy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň da­na, akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne diý­seň uly sar­pa go­ýul­ýar. Bu gün­ki gün türk­men hal­ky Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan za­ma­na­syn­da ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň, eş­ret­li dur­mu­şyň gu­ja­gyn­da ýa­şa­ýar. Çün­ki Türk­me­nis­tan — ar­zuw­la­ryň wy­sal bol­ýan ýur­dy. Döw­le­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ni şeý­le sep­git­le­re ýe­ti­ren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de pe­der ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­timiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry hem-de ir­gin­siz zäh­me­ti jem­le­nen­dir. Her gü­ni toý­dur baý­ram­la­ra, şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän 2024-nji ýylyň

Sag­dyn­ly­gyň ýurdy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň yk­ba­lyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan, ulu­dan toý­la­nyl­ýan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my bo­sa­ga­da dur. Şöh­rat­ly ta­ry­hy gah­ry­man­çy­ly­ga bes­le­nen mer­da­na hal­ky­my­zyň öz­baş­dak, Ga­raş­syz döw­let ba­ra­da­ky asyr­lar bo­ýy edip ge­len ar­zu­wy 1991-nji ýy­lyň hoş ho­wa­ly al­tyn güý­zün­de ha­syl bo­lup, Ga­raş­syz Türk­men döw­le­ti eme­le gel­di. Şol aja­ýyp gün­den bä­ri biz her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­ny da­ba­ra­ly bel­läp gel­ýä­ris.

Saglygy berkitmekde şypahanalaryň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Yn­san sag­ly­gy­na taý gel­jek hiç bir gym­mat­lyk, onuň öwe­zi­ni do­lup bil­jek baý­lyk ýok­dur. Yn­san sag­ly­gy­ny ýur­duň baý­ly­gy­na de­ňe­ýän Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy hem-de Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy, ra­hat dynç al­ma­gy, asu­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li oňaý­ly şert­ler, müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da zäh­met bi­len dynç al­şy ut­ga­şyk­ly gu­ra­mak, ila­tyň döw­re­bap şert­ler­de sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, şy­pa­ha­na işi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler adam ha­kyn­da­ky ala­da­nyň esa­sy ug­ru­dyr. Hä­zir­ki wagt­da gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ila­ta hyz­mat ed­ýän şy­pa­ha­na­lar ýur­du­myz­da­ky we da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki tej­ri­bä­niň iň go­wu­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär.