Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

* Döwletimiziň üstünlikleri, toý-baýramlary bu ýyl hem goşa-goşadan gelýär. Bu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrdyk. Sebäbi bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly belleýäris. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bular, hakykatdan hem, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekjek wakalardyr. * Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän wakalaryň umumylygy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär. Çünki döwletiň iň uly maksady adamlaryň bagtyýarlygydyr, geljege ynamly garaýşydyr. Bagtyýarlyk bolsa, bir sözde beýan edilmeýär, adamyň bagtyýarlygy onuň islegi, arzuwlary, garaýyşlary, duýgy-düşünjesi bilen baglanyşykly durmuş ýagdaýlarynyň esasyndaky düşünjedir. Bu düşünje dogrusyndaky umumy garaýyş Watan diýen sözde jemlenýär.

Garagum sährasy – gymmatlyklar hazynasy

Ümmülmez Garagum sährasy diňe bir ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine baý bolman, eýsem, taryhy-arheologiýa ýadygärliklere, syýahatçylyk ýerlere hem baýdyr. Aýratyn hem, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy tutýan meýdany, tebigy gözelligi, şeýle hem syýahatçylar, zyýaratçylar üçin zyýarat edilýän ýerleriniň köpdügi bilen tapawutlanýar. Biz hem şolaryň käbiri bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy müwessa bildik. Minara galasy — Merkezi Garagumda Minara çäkli goraghanasynyň çäginde, Minara guýusynyň ýanynda ýerleşýär. Antik döwründen galan bu arheologiýa ýadygärligi dörtburç görnüşde bolup, diwarlarynyň ölçegi her tarapdan 40 metre ýetýär. Minaranyň derwezesi hem-de gala girelgesi günorta tarapynda ýerleşýär. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda taraplary 11x11 metr bolan, goranmak üçin niýetlenen kiçi gala hem gurlupdyr. Galanyň ortasynda diametri 4,5 metr we beýikligi 7 metr bolan diň bar. Gala adyny minarasyndan alypdyr. Galanyň günorta tarapynda gonamçylyk ýerleşýär. Bu gala gadymy Gürgenjiň serhedinde goranyş desgasy bolup hyzmat edipdir. Х — ХII asyrlarda ony düýpli abatlap, kerwensaraýa öwrüpdirler. Giçki orta asyrlarda Hywa hanlary galany üýtgedipdirler.

Änew — gadymy ekerançylygyň Watany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleri senagat taýdan işläp, harytlyk görnüşe getirmek, ekerançylygyň medeniýetini döwrüň ösen talaplaryna gabat getirmek ýaly möhüm meseleler döwletimiz tarapyndan elmydama üns merkezinde saklanýar. Biziň ýurdumyzda ekerançylygyň taryhy bolsa, öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ony hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza peşgeş eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyndaky: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýen jümle-de subut edýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, bu topragyň dünýä derejesinde belli açyşlaryň mekany bolandygyndan habar berýär. Taryhda «Änew medeniýeti» ady bilen belli bolan bu gadymy mekanda dürli döwürlere degişli tapyndylar bilermenleriň ünsüni egleýär. Sebäbi olar özboluşly sünnäligi hem-de gaýtalanmajak çeperligi bilen görenleri haýrana goýýar.

Gorgandepe, Öredepe, Ýolbarslydere...

Taryhyň gatlarynda türkmen, türk, gök oguz, gyrgyz, gazak, özbek, tatar, alpan, azerbaýjan, garagalpak, uýgur, gumuk, garaçaý, bulgar, nogaý, tywa, kabardi, ýakut, hakas, altaý, başgyrt ýaly dünýäniň türki dilli halklary adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň kemala gelmegine, ösmegine mynasyp goşantlaryny goşupdyrlar. Bu ugurdan iş alyp barýan alymlar türki dilli halklaryň gelip çykyşynyň oguz-türkmen kabylasyndan bolup, soňy bilen daşky täsirler esasynda gün-güzeranlary üçin aýratyn halka öwrülendigi hakynda ýazýarlar. Etnograf, edebiýatçy, arheolog alymlaryň belleýşi ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky dört müň ýyllyk taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan, hersi özboluşly, ýeňil bolmadyk ýollary özbaşdak ýa-da egin-egne berip geçen bu halklar barada kän zatlar ýazyp, il-ulsa ýetirip bolardy... Emma biz häzirlikçe goňşy ýurtlaryň birinde kowçum bolup ýaşaýan arkadaşlarymyz hakynda bilenlerimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik. Täjigistanyň Wagyş derýasynyň sag kenarynda, gadymy Etbaş obasynyň günbatarynda Türkmen atly polkunyň harby mekdebi hökmünde döwrüniň ýaşlaryna harby tälim beren mekany Gyzylgala ýerleşýär. Atly polkuň serkerdesi, asly daşoguzly türkmen Mährem Sapaýewiň başa-baş göreş, nyşana çenäp ok atmak we beýleki söweş tilsimleri boýunça diýseň ussat harby ýolbaşçy bolandygy hakynda maglumatlar bar. Şol döwürde Pelwerdiň Mergenli obasynyň kethudasy bolan Nazar aksakgalyň

Seljuk soltanlary

Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Ömür beýanyII jilt2.

Ýedi asman, dokuz pelek üstünde

Astronomik görkezijilerde deňiz derejesinden ýüz kilometrden ýokary bolan belentligiň howa giňişliginiň çäklerinden daşary uzaýan gurşawy kosmos barlaglary hökmünde kabul edilýär. Mähriban Watanymyz Ýer ýüzünde ylmy, ykdysady, ekologiýa, maglumat we beýleki durmuş maksatlary üçin kosmos giňişligini, älem gözelligini, taglymatlary, asman jisimlerini, tizliklerini, şöhlelerini, hadysalaryny, galaktikanyň gurluşyny, biologiýasyny barlamaga, özleşdirmäge, peýdalanmaga, taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen netijeli işlerde, tebigat bilimleriniň syrlaryny, baýlyklaryny öwrenmekde öňdebaryjy hem-de tejribeli ýurtlaryň biri hasap edilýär. Birleşen Milletler Guramasy 1999-njy ýylda her ýylyň 4 — 10-njy oktýabr aralygyny «Bütindünýä Kosmos hepdeligi» diýip yglan etdi. Altmyş üç ýyl mundan ozal zeminiň ynsan wekili ilkinji gezek kosmosa uçdy. Şol uçuş 108 minut dowam etdi. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji apreli Adamyň kosmosa uçmagynyň halkara güni diýlip yglan edildi. 2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos gullugy döredildi. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromyň dolandyryş merkeziniň badalga meýdançasyndan Aşgabat wagty bilen sagat 2:50-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem52oЕ» aragatnaşyk hemrasynyň uçurylma

Seljuk beg

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Seljuklar nesil şejeresini Oguz hanyň altynjy ogly Deňiz handan alyp gaýdýar. Neberä öz adyny beren Seljuk begdir. Alym Arkadagymyz dünýäniň ýüzünde ýetmişden gowrak döwlet guran türkmenleriň öz guran beýik döwletlerini öz baştutanlarynyň atlary, diýmek öz atlary bilen atlandyrmak däbini nygtap, muňa Oguzlar döwletini, Seljuklar döwletini, Osman döwletini mysal getirýär (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ömrümiň manysy. – A.:TDNG, 2022. – 335 s.).

Änew — täsin bir älem

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi gadymy Änew medeniýetiniň taryhynyň öwrenilişine täze badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi bolsa ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň taryhy indi bassyr 120 ýyl çemesi wagtdan bäri dünýä alymlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Dogrudan-da, bu medeniýetiň taryhyna bagyşlanyp, köp ylmy işler edildi. Olaryň ilkinjisi Rafael Pampelli tarapyndan 1908-nji ýylda Waşingtonda «Türküstandaky barlaglar» ady bilen çap edilen iki jiltlik ylmy işdir. Taryhçy alym Änewiň demirgazyk depesinden tapylan ak bugdaýyň dänelerini, zähmet gurallaryny we süňkleriň galyndylaryny öwrenip, bu ýerde, esasan, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösendigini tassyklaýar. Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmek XX asyryň 30-njy ýyllarynda hem dowam etdirilipdi. Aýratyn-da, bu medeniýeti arheologiýa maglumatlarynyň üsti bilen öwrenmekde türkmen-amerikan arheologlary köp işleri etdiler. Bu ugurda amerikaly alym, Pensilwaniýa uniwersitetiniň professory Frederik Hibertiň ady hem bellenilmäge mynasyp. Ol 8 ýylyň dowamynda Änew depelerinde gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir, köpsanly arheologiýa tapyndylaryny ýüz

Geçmişiň geljek nukdaýnazaryndan beýany

Kitap — geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri. Bu gadymy dünýäniň hakyda barlygyny hasyl edýän ençeme subutnamalar bar. Ynsan eli bilen gurlan binalaryň, döredilen medeniýetleriň ählisi, gynansak-da, maddy subutnama görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetmändir. Ýöne her milletde öz aslynyň çuňluklaryna göz ýetirmäge gyzyklanma uly. Ol oňa ata-babalarynyň ganyndan geçýär. Gan bilen geçýän, nesil yzarlaýan zatlara bolsa müňýyllyklar hem täsir etmeýär. Millete öz aslyna ylmy taýdan göz ýetirmekde taryh kömege gelýär. Beýleki ylymlardan tapawutlylykda, wakalary yzyna gaýtaryp, synagdan geçirip bolmaýandygy üçin bu ylym wakalary öz islegiňe görä taraşlaman, döwrüň hakyky ýagdaýyndan ugur alyp, adalatly, hakyky bolşunda beýan etmegi talap edýär. Başda nygtalyşy ýaly, adamzadyň döreden ähli medeniýeti maddy subutnama hökmünde biziň üçin elýeterli däl. Heňňamlar dolanyp, döwürler döndügiçe, olara Wagt diýen «aždarha» öz hökümini ýöredýär — käbiri uruşlar, dawa-jeňler zerarly ynsan eli bilen ýumrulsa, galany tebigy hadysalaryň netijesinde Ýer üstünden Zeminiň astyna garyşyp gidýär. Ýöne ynsan kowmy öz bilesigelijiligi bilen topraga garyşan gymmatlyklary yzyna çykaryp, ikinji ömür berip, gaýtadan «gürledip», taryhy hakydanyň uşlybyny çöşlemäge ýardam berjek ylmy — arheologiýany döretdi. Taryh ylmynyň kömekçi ulgamy saýylýan bu ylma daýanmazdan, geçmişiň syrly sahypalaryny di

Gadymy Änew medeniýetiniň waspy

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara badalga berilmeginiň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gönüden-göni gadymy topraga bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy kalbymyzy buýsanja besledi. Gymmatly eserinde: «Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň bu kitaby gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Änew medeniýeti bilen baglanyşykly gyzykly taryhy maglumatlary özünde jemleýär. Şöhratly taryha bagyşlanan bu gymmatly kitapda barça şahyrlaryň ruhy halypasy bolup durýan Magtymguly atamyzdan ylham alan Durdy bagşy we Dostmämmet şahyr ýaly ussatlardan hem söz açylýar. Kitapda beýan edilişi ýaly, Dostmämmet bilen Durdy bagşy dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Dostmämmet Seýit Jemaleddin aradan çykanda, oňa bagyşlap «Aýryldyk» atly goşgusyny ýazypdyr. Durdy bagşy bolsa edil şu günlerem halk içinde aýdym edilip aýdylýan «Ak ýüzli Maralym» goşgusy bilen tanalýar. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu taryhy eserini okap, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Änewe syýahat eden ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. 

GÖROGLY BEG

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). «Görogly» şadessany — türkmeniň atabeglik mekdebi. «Görogly» şadessanynyň «Arap Reýhan» şahasynda harby tälimi ýaşlykdan öwretmelidigi barada biziň ünsümizi çekjek şeýle bir pursat bar. Görogly beg men-menlik edip, gapyllykda Arap Reýhana üstüni basdyryp, inere daňlyp barýarka, başyna iş düşendigibarada Gyratyň üsti bilen Çandybile habar ýetirýär. Gyrata atlanyp kömege gelen Öwez kyrk ýigitden diňe özüne Sapar kösäniň ýoldaş bolandygyny, onuň Bozdumanynyň toýnagynyň haçan gyzyp, haçan gelip ýetjeginiň mälim däldigini, özüniň entek oglandygyny, Arap Reýhana güýjüniň ýetmejekdigini, geňeş bermegini sorap ýüzlenende, Görogly özüniň ýene bir eden ýalňyşyna puşaýman edýär. Öwez ogluna uruş tälimini öwretmän ekeni.

Beren el — bereketli

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Ýaşyryn sadakalaryň sogaby açyk-äşgär berilýän sadakalardan ýüz-müň esse haýyrly hasaplanylýar» diýen jümläni okanyňda, geçmiş taryhymyzdaky «bergiler depderi» we «sadaka daşlary» bilen baglanyşykly maglumatlar biygtyýar ýadyňa düşýär. Şoňa görä, ýaşyryn sadaka bermek bilen baglanyşykly Osmanly türkmen döwletiniň medeni durmuşyna degişli täsin maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Osmanly türkmen döwleti 623 ýyl höküm sürüpdir. Şol döwürde bu döwleti Ärtogrul Gazynyň neslinden bolan 36 hökümdar dolandyrypdyr. Osmanly döwleti ylym-bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, harby ulgamda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Şol wakalar we haýyr-sahawat işleri bilen baglanyşykly köp sanly maglumatlar taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Şolaryň biri-de ýaşyryn sadaka bermek däbidir.

Meş­hur päl­wan

2017-nji ýy­lyň 16-njy ap­re­lin­de Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ahal ge­ňeş­li­gi­niň Til­ki oba­syn­da An­na­ne­pe­sow­la­ryň luk­man­lar ne­be­re­sin­den bo­lan Oraz­ne­pes aga­nyň kör­pe og­ly Dur­dy­ne­pe­siň dur­muş to­ýu­na gat­naş­mak mi­ýes­ser et­di. Toý da­ba­ra­sy­nyň do­wam edip du­ran pur­sa­dy uly gö­reş tu­tul­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Mä­re­ke ýu­waş-ýu­waş­dan şol ýe­re ta­rap süýş­di. Gö­reş meý­dan­ça­sy­na çä­ge en­di­gan dü­şe­lip, onuň gap böw­rün­de toý eýe­si­niň päl­wan­la­ra ni­ýet­län mal­la­ryn­dan baş­ga-da, beý­le­ki baý­rak­lar mün­ber bo­lup dur­dy. Tiz wagt­dan tut­lu­şyk­la­ra emin­lik et­mek we­zi­pe­si­ni alyp bar­jak öz döw­rü­niň meş­hur päl­wan­la­ry­ny yg­lan edip baş­la­dy­lar. Il­ki öz gö­reş sun­ga­ty bi­len uly yz go­ýan Mu­ham­met­ber­di te­le­ke päl­wa­nyň ady ag­za­lyp, ol toý tut­lu­şyk­la­ry­nyň baş emi­ni bol­dy. Me­niň ony il­kin­ji ge­zek gör­şüm­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ony syn­la­nyň­da uzyn boý­ly, bug­daý reňk ýa­şu­ly­nyň ýaş­lyk döw­rün­de päl­wan­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy­ny aň­mak bol­ýar­dy. ...1956-njy ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­da Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ta­gan Baý­ram­dur­dy­ýew ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­dä­ki, Bal­kan päl­wa­nyň, Eş­şek päl­wa­nyň, Gel­di Po­şo päl­wa­nyň we beý­le­ki­le­riň dog­duk oba­sy bo­lan ga­dy­my Gök­de­pe oba­syn­da bü­tin öm­rü­ni ha­lal­ly­ga bes­le­nen ço­pan­çy­lyk kä­ri­ne ba­gyş­

Änewiň taryhy şahsyýetleri

­Gadymy Änew topragy ak bugdaýyň hem-de Änew medeniýetiniň Watany hökmünde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň taryhyna girdi. Änew medeniýeti barada gürrüň edilende, bu toprakda doglup, önüp-ösen şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň poeziýada we aýdym-saz sungatynda öz yzlaryny goýandyklaryny bellemek gerek. XIX asyrda Änewde ýaşap geçen şahyrlar Dostmuhammediň, Durdy bagşynyň, Zahydynyň, Ysmaýylyň we Sahypjemalyň döredijiliklerinde Watan goragy, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk temalarynda döreden goşgulary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň şygyrlarynyň aýratynlygy çeperçiliginiň, diliniň halka has ýakynlygyndadyr. Bu şahyrlaryň goşgularynda Watana, önüp-ösen topragyna söýgi, il-halkyň derdine ýaran, ýurt goragynda gaýa dek duran döwürdeşlerine buýsanç aýdyň görünýär. Olar öz döredijiliklerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň watansöýüjilik, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk temalaryny ösdüripdirler. Olaryň birnäçesi häzirki döwürde hem bagşylaryň dillerinden düşmän, halk köpçüligi tarapyndan höwes bilen diňlenilýän aýdymlara öwrülipdir. XIX asyr türkmen şahyrlarynyň döredijiliklerinde bolşy ýaly, Änewde ýaşap geçen şahyrlar hem öz şygyrlarynda halkyň durmuşy, il-ýurt, Watany goramak bilen baglanyşykly temalardan sowa geçmändirler. Hatda olaryň şygyrlarynyň diliniň halka has ýakyn bolşy ýaly, goşgularda gozgaýan temalary he

Änew — gadymy medeniýetiň ojagy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda müňýyllyklara uzap gidýän milli gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmäge we olary geljekki nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Taryhy maglumatlarda Änew medeniýetiniň müňýyllyklary öz içine alýandygy görkezilýär. Bu medeniýet öz ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçirip, halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkymyzyň aň-paýhasy bilen döreden taryhy we maddy gymmatlyklary, ýaşaýyş-durmuşy öz beýanyny tapýar. Bu medeniýetiň taryhy dürli döwürlerde alymlar tarapyndan öwrenilip, ekerançylygyň we maldarçylygyň şol döwrüň ýaşaýşynda esasy orun alandygy görkezilýär. Halkyň gündelik durmuşynda ulanýan dürli görnüşdäki gap-gaçlarynyň, zähmet gurallarynyň kämilleşdirilendigi, olaryň üstüniň küýzegärçilik sungaty bilen baýlaşdyrylandygy taryhy maglumatlarda beýan edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly toýdur baýramlara, dabaralara, şanly wakalara beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzy buýsanja besledi. Bu taryhy waka bilen baglanyşykly dürli derejedäki çärelere giň gerim beri

Owazy jahana dolan mekanda

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolan wakalaryň birine öwrüldi. Bu çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilipdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, täze döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-njy martynda, ýagny şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bu taryhy waka mynasybetli giň gerimli çärelere badalga berildi.

Şan-şöhratly şäher

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň bu gadymy mekanda amerikan alymy Rafael Pampelli tarapyndan arheologiýa barlaglarynyň geçirilmeginiň 120 ýyl dolýan senesine gabat gelmeginde özboluşly many bar. Ekerançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän we ösüp kemala gelen ýeri bolan gadymy toprak bu gün ýene-de dünýäniň üns merkezinde orun alýar. Änew medeniýetiniň öwrenilişiniň taryhyna nazar salsaň, gadymy medeni ojagyň bir ýarym asyr çemesi wagt bäri dünýä ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini görmek bolýar. Häzirki Änew şäheriniň gündogarynda ýerleşýän gadymy ýadygärligiň demirgazyk we günorta depeleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji arheologik barlaglarynyň geçirilip başlanan we içgin öwrenilen ýerleriň biridir. Ol mis-daş asyry (eneolit döwri — b.e.öňki V-IV müňýyllyklar) üçin nusgalyk ýadygärlik hasaplanýar. Änewiň demirgazyk depesi, baryp, XIX asyryň ahyryndan bäri öwrenilip gelinýär. 1886-njy ýylda Zakaspiý ülkesiniň general-gubernatory A.W.Komarow şol depäni garym görnüşinde dikligine ikä bölýär. Esgerleriň kömegi bilen geçirilen gazuw işleri ylmy taýdan degerli netije bermese-de, A.W.Komarowyň 1888-nji ýylda Russiýanyň Imperatorlyk arheologiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminiň ýygnagyndaky çykyşynda we gazet makalalarynda Änew

Medeni paýtagtyň gymmatlyklary

Seýit Jemaleddin ýadygärligi XV asyrda bina edilip, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky aýylganç ýertitremede ýykylan Seýit Jemaleddin ýadygärligi monumental ymaratçylygyň ajaýyp nusgasydyr. Bu toplum metjidi, medresäni we şyh Jemaleddin diýen şahsyýetiň guburyny öz içine alýar. Metjidiň esasy girelgesiniň maňlaýynda haşamlanyp, arap hatynyň kufi elipbiýinde sünnälenip ýazylan ýazgyda beýan edilişine görä, «Gözellik öýüni» 1446 — 1457-nji ýyllar aralygynda Teýmiriň çowlugy, Horasanyň hökümdary Abul-Kasym Babyr gurdurypdyr.

GÖROGLY BEG

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). GÖROGLY BEG — türkmeniň milli ruhunyň V eýýamynyň üçünjisiniň ruhy ýolbaşçysy. Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kert-kert gaýalara çykdy. Şeýdip, türkmen ruhy beýiklik, howalalylyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriň ýüzünde öz awuny uçuryp, gaçyryp aldy. Şeýdip, hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy. Bu eýýamyň ruhunda daş ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diňe bir ýeriň ýüzünde haýdaman, eýsem, gögüň ýüzüne-de göterildi. Oguz hanyň harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi. Görogly taryhda ýol goýan, öz taglymatyny döreden ägirtleriň hatarynda goýulýar. Görogly bir ýa-da iki nesliň sygnany bolman, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyzyň aňynda ymykly orun alan, ýalňyzlyk basanda, horluga, süteme sezewar bolnanda, ruhundan medet dilenilýän, milletiň ruhy ýolbaşçylarynyň biridir.

Alym­lar­ba­şy — Ibn Si­na

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Ibn Si­na ha­kyn­da söz açy­lan­da, il­ki bi­len, Mä­ne ba­ba bi­len bag­ly ro­wa­ýat ýa­da düş­ýär. Onuň Mä­ne ba­ba bi­len örän ýa­kyn gat­na­şyk sak­lan­dy­gy ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ese­rin­de: «Mä­ne ba­ba köp ge­zip, dür­li şä­her­ler­de bo­lup, alym­lar, fi­lo­sof­lar bi­len du­şup­dyr, pi­kir al­şyp­dyr. Halk ha­ky­da­sy iki sa­ny us­sat — Mä­ne ba­ba, Ibn Si­na­nyň ara­syn­da­ky söh­be­ti ha­kyn­da ro­wa­ýa­ty şu gün­le­re ýe­tip­dir. Mä­ne ba­ba gep­le­şip otyr­ka­lar, kä­sä­ni ýo­ka­ry zyň­ýar, kä­se bol­sa ho­wa­da asy­ly­şyp dur­ýar. Mä­ne ba­ba myh­ma­ny­na: