Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Joşua ilkinji gezek raundda nokauta sezewar boldy

21-nji sentýabrdan 22-sine geçilen gijede Angliýanyň London şäherinde boks agşamy geçirildi. Agşamyň merkezi tutluşygynda superagyr agramda «IBF» çempionlyk guşagynyň wagtlaýyn eýesi Daniel Dýubua bilen «IBF», «WBA», «WBO» we «IBO» ugurlary boýunça dünýäniň ozalky çempiony Entoni Joşua güýç synanyşdy. 12 raunda niýetlenilen çempionlyk söweşi 5-nji raundda wagtyndan öň tamamlandy. Has takygy, 5-nji raundda Dýubua Joşuany nokauta sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, Joşua professional boksda ilkinji gezek nokauta düşüp ýeňildi. Şeýlelikde, Daniel Dýubua «IBF» çempionlyk guşagynyň hakyky eýesine öwrüldi. Bu guşagy mundan ozal, ukrainaly Aleksandr Usik eýesiz galdyrypdy.

Türkmen futbolçysy taryhy gol urdy

«Altyn asyr» futbol klubynyň hüjümçisi Myrat Annaýew AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynda Merkezi Aziýa toparlarynyň ilkinji goluny öz adyna ýazdyrdy. Şu ýyl täze geçirilip başlanan bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň 1-nji aýlawynda «Altyn asyr» myhmançylykda Yragyň «Eýr Fors» topary bilen güýç synanyşdy. Türkmen toparynyň düzüminde Myrat Annaýew 70-nji minutda owadan urgy bilen tapawutlanmagy başardy. Bu dürs urgy ýaryşa gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 turnirindäki ilkinji we tapgyrdaky ýeke-täk goly boldy. Has takygy, 1-nji tapgyrda Özbegistanyň «Nasafy» Kuweýtiň «Al-Kuweýt» kluby bilen, Täjigistanyň «Rawşany» bolsa Hindistanyň «Mohun Bagan» topary bilen 0:0 hasabynda deň oýnady. Ýaryşda Merkezi Aziýa wekilçilik edýän ýene bir topar Täjigistanyň «Istikloly» bolsa BAE-niň «Al-Şarja» toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ýeri gelende bellesek, «Eýr Fors» — «Altyn asyr» oýny 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. «Altyn asyr» ýaryşdaky indiki oýnunda 2-nji oktýabrda Aşgabatda Bahreýniň «Al-Haldiýa» kluby bilen oýnar.

Bassyr 3 oýunda golsuz deňlik

«Ýuwentus» Italiýanyň A seriýasynyň 5-nji tapgyrynda öz öýünde «Napoli» bilen 0:0 hasabynda deň oýnady. Şeýlelikde, Týago Mottadan tälim alýan topar Ialiýanyň çempionatyndaky bassyr üçünji oýnuny golsuz deňlikde tamamlady. «Opta» statistika portalynyň habar bermegine görä, şeýle ýagdaý soňky 32 ýyllykda ilkinji gezek hasaba alyndy. Turin kluby mundan ozal, 1992-nji ýylyň maý aýynda A seriýanyň bassyr üç oýnunda 0:0 hasabynda deň oýnapdy. Şol wagt «Ýuwentusa» Žowanni Trapatoni tälim berýärdi. Ýeri gelende bellesek, «Ýuwentus» häzirki wagtda 5 oýunda 9 utuk toplap, A seriýanyň turnir tablisasynda 4-nji ýeri eýeläp dur. Topar indiki tapgyrda şenbe güni «Jenoa» bilen güýç synanyşar.

Ýeňlişsiz ýörişini 38 oýna ýetirdi

Madridiň «Real» kluby Ispaniýanyň La ligasynyň 6-njy tapgyrynda öz öýünde «Espanýoly» 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda «Realyň» dördünji goluny 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Kliýan Mbappe derwezä gönükdirdi. Gyzykly tarapy, bu Karlo Ançelottiden tälim alýan toparyň ýaryşyň deslapky 6 tapgyrynda penaltiden uran 5-nji goly boldy. XXI asyrda häzire çenli hiç bir topar La liganyň deslapky 6 tapgyrynda 11 metrlik jerime urgusyndan 5 gol geçirmändi. Şol bir wagtyň özünde «Real» La ligadaky bassyr ýeňlişsiz oýunlarynyň sanyny hem 38-e ýetirdi. Bu topar Ispaniýanyň çempionatynda soňky gezek geçen ýylyň 24-nji sentýabrynda «Atletikodan» 3:1 hasabynda asgyn gelipdi.

Gandbol boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi

Sportuň gandbol görnüşi boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň, Dänew we Çärjew etraplarynyň toparlary gatnaşdylar. Ýaryşda welaýat merkezi bilen Dänew etrabynyň her haýsyna iki toparyň wekilçilik edendigini nygtamak gerek. Ýeri gelende aýtsak, her bir topar 14 türgenden ybarat boldy.

Dänewli küştçüler Bütindünýä olimpiadasynda

Dänewli küştçi uýalar Lala we Leýla Şöhradowalar şu günler Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde Budapeştde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşýarlar. Ýurduň zenanlar ýygyndysy ýakynda şu gezekki Olimpiadadaky dördünji ýeňşini gazandylar. 6-njy tapgyrda ortaça 1956 görkeziji gazanan türkmen küştçüleri 43-nji belgide saýlanan Braziliýanyň toparyny (ortaça görkezijisi — 2132) 3:1 hasabynda ýeňdiler. Toparyň ýeňşine Leýla Şöhradowa (3-nji tagtada) we 4-nji tagtada oýnan Eneş Arazmedowa döwlerinde ýeňiş gazanyp, möhüm goşant goşdular. Wise-çempion Läle Şöhradowa (1-nji tagtada) we ýurduň çempiony Merýem Agajanowa (2-nji tagtada) garşydaşlary bilen deňme-deň oýnadylar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynyň birinji ligasynyň Balkan sebiti boýunça öňdäki orunlary eýelän toparlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de welaýat futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabara dürli pudaklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaraly çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sportuň ähli görnüşiniň, şol sanda futbolyň ösmegi üçin hemme şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetimizde has-da rowaçlanmagy üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň etdiler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ta­lyp­lar spor­tu­nyň hal­ka­ra gü­ni

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Ata Watanymyzda sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy we hal­ka­ra sport gat­na­şyk­la­ry giň­den ös­dü­ril­ýär. Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň il­çi­si bo­lan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iri hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport gu­ra­ma­la­ry, fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ba­ra­da­ky hoş ha­bar Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­na esas­lan­ýan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky gü­wä­si­ne öw­rül­di.

Baş baýrama bagyşlandy

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan her bir üs­tün­li­giň, ýe­til­ýän sep­git­le­riň aňyr­syn­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň uly pa­ýy bar. Ga­raş­syz­lyk — hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň, ösüş­le­ri­mi­ziň göz­ba­şy, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň kö­ňül ar­zu­wy. Dö­wür­le­riň se­re­si bo­lan ajaýyp döw­rü­miz­de Baş baý­ra­my­my­zy uly da­ba­ra­la­ra bes­läp bel­le­ýän hal­ky­myz mu­kad­des Wa­ta­ny­my­za, onuň Ga­raş­syz­ly­gy­na, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan çäk­siz gu­wan­jyny­ hem söý­gü­si­ni öz ýürek sözlerinde beýan edýär. Hä­zir­ki gün­ler­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­na bar­ýa­rys.

Ten­nis bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Paý­tag­ty­myz­da ba­dal­ga alan ten­nis bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy ug­run­daky ýa­ry­şa Aş­ga­bat şäherinden, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­dan 113 tür­gen ýyg­nan­dy.

Boks­çu­la­r Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 ­Türk­men tür­gen­le­ri­niň iki­si Al-Aýn­da (BAE) ge­çi­ri­len ýet­gin­jek­le­riň, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we okuw­çy gyz­la­ryň ara­syn­da boks bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Ýa­ry­şa 2008-2009-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da 13 ag­ram de­re­je­sin­de we 2010-2011-nji ýyl­lar­da dog­lan mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da 15 ag­ram de­re­je­sin­de me­dal­lar ug­run­da 26 ýurt­dan 462 boks­çy gat­naş­dy.

Sport we bedenterbiýe

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýur­dumy­zyň şan­ly Garaşsyzlyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gur­a­ma­gyn­da Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­riniň ara­syn­da spor­tuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da Luk­man Me­li­kow (Ne­bit­gaz gu­ýula­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň ma­şinis­ti), Wa­dim Kub­ra­kow («Türk­men­ne­bit» döw­let kon­se­ri­niň gaz top­la­ýyş we ak­dy­ryş mü­dir­li­gi­niň in­žene­ri), Döw­let Mu­ha­mow (Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy) baýrakly orunlary eýeledi. Iň köp utuk top­lan ýaş oýun­çy ady­na Ke­rem Mak­sat­gel­di­ýew (Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki 18-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy), Iň köp utuk top­lan ýa­şu­ly oýun­çy ady­na Naz­my­rat Ki­çi­gu­low («Us­sat sen­et­çi­ler» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň hü­när­me­ni) my­na­syp bol­du­lar. Ýa­ryş­da baýrakly orun­la­ry eýe­länlere, iň ýaş we ýa­şu­ly oýun­çy­la­ryň ara­syn­da köp utuk top­lanlara, ýa­ry­şyň emin­le­rine TKA-nyň Bal­kan we­la­ýat bir­leş­me­si­niň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

My­rat An­na­ýew — Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 «Al­tyn Asy­ryň» tej­ri­be­li fut­bol­çy­sy My­rat An­na­ýew AFK-nyň ku­bok­la­ry­nyň tä­ze möw­sü­min­de Mer­ke­zi Azi­ýa we­kil­çi­lik ed­ýän to­par­la­ryň ara­syn­da ta­pa­wut­la­nan il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Bu ýag­daý sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­di.

Sport diplomatiýasy: talyplar sportunyň halkara güni

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 13 — 23-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my we Ta­lyp­lar spor­tu­nyň hal­ka­ra gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da «Sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň we üs­tün­lik­le­ri­niň ýur­dy bo­lan Wa­ta­ny­myz­da ta­lyp­lar spor­ty ösüş ýo­lun­da» di­ýen at bi­len me­ýil­na­ma­la­ýyn çä­re­ler to­plu­my gu­ral­dy.

Talyplar sporty ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkara derejeli sport ussatlaryny we tejribeli tälimçileri taýýarlamak, ýaş türgenleriň täze neslini kemala getirmek işi ýurdumyzda anyk wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şu günler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sport mümkinçilikleriň we üstünlikleriň ýurdy bolan Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirilýär. 13-nji sentýabrda ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek hem-de ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sport klublarynyň gatnaşmagynda okuw-maslahat geçirildi.

Futbol täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyrda myhmançylykda «Aşgabat» bilen duşuşan ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary nobatdaky ýeňşini gazandy. Arkadag şäheriniň adybir topary garşydaşyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Baýramçylyk sowgady

Türkmen türgeni Kaýumberdi Döwletowyň «Submission Fighting World Federation» diýen at bilen uly meşhurlyk gazanan guramanyň Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde grepling boýunça geçiren ýaryşynda gazanan üstünligi Watanymyzda ussat türgenleriň täze nesliniň kemala gelýändiginiň görkezijisine öwrüldi. «Federasiýanyň Kubogy» ady bilen degişli federasiýalaryň türgenleriniň arasynda ýaýbaňlandyrylýan ýaryş ildeşimiz üçin diýseň düşümli boldy. Zehinli türkmen ýigidi altyn medallaryň ikisini gazanmagyň hötdesinden geldi.  Kaýumberdi 83 kilogram agram derejesinde geçiren tutluşyklarynda hytaýly türgenden başga-da, Indoneziýadan we Hytaý Taýpeýinden bolan garşydaşlaryny ynamly ýeňdi. Bu üstünlikler ussat pälwany hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykardy. Onuň ikinji altyn medaly bolsa çäksiz agramdaky ýaryşa degişlidir. Bu gezek ol hytaýly türgenleri ýeňlişe sezewar etdi.

Saý­la­ma ýa­ryş­lar

13 – 15-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da 2008-nji ýyl­da dog­lan we on­dan ki­çi ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da bas­ket­bol bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň saý­la­ma ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da do­wam eden bäs­le­şik­de sport mek­de­bi­mi­ziň tür­gen­le­rin­den dü­zü­len «Aş­ga­bat 1» to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. «Olimp» or­ta sport mek­de­bi­niň to­pa­ry 2-nji, Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş mek­de­bi­niň to­pa­ry 3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Ýa­ryş­da Ali Haý­da­row, Wla­di­mir Lew­sow, Gul­da­wud Ali­ýew, Sü­leý­man Ga­za­kow, Gar­ry­baý Ýe­gen­my­ra­dow, Ýa­kup Ymam­gu­ly­ýew ýa­ly oýun­çy­lar aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­dy­lar.

Bedenterbiýe we sport

Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­da  nus­ga­lyk gö­rel­de bol­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň we jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň berk bin­ýa­dy ber­ka­rar edil­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sport iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek, sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da­ky giň ge­rim­li iş­ler Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Biz hem sport mek­de­bi­miz­de ge­çi­ril­ýän her bir işde ýur­du­myz­da wa­gyz edil­ýän be­den­ter­bi­ýe we sport sy­ýa­sa­tyn­dan ugur al­ýa­rys. Bu gün ýaş­lar spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­la­nyp, ge­çi­ril­ýän mil­li we hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da şow­ly çy­kyş edip, öz­le­ri ba­ra­da­ky ala­da my­na­syp jo­gap ber­ýär­ler. Bu bol­sa biziň her birimizi guwandyrýar.

Sagdyn durmuşa sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ajaýyp zamanasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletiň, jemgyýetiň, mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem ýaşlar gatnaşarlar. Ýaşlar — biziň geljegimiz. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlary hem bilimler dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen, baş baýramymyzy özboluşly sowgatly garşylaýarlar.