Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Sportdaky rekordlar

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 200 met­re kebelekläp ýüz­mek­de dün­ýä re­kor­dy­ tä­ze­le­ndi

Şanly ýylyň ýeňişli menzilleri

Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri döwletimiziň sporty ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleriniň oňyn netije berýändigini tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ildeşlerimiz abraýly halkara ýaryşlarda gazanan köp sanly medallary bilen sport muşdaklaryny begendirdiler. 4 – 7-nji ýanwar aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda ildeşlerimiz iki altyn medal gazandy. 5 – 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik eden Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. 31-nji ýanwar – 3-nji fewral aralygynda Gazagystanyň Aktau şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 6 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Dünýä çempionatlarynyň medallary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynyň üçünji ongünliginde ildeşlerimiziň dürli ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri türkmen sportunyň ýeňişli ýolunyň dowamata beslenýändigine şaýatlyk edýär. Oktýabryň 23 – 28-i aralygynda Gresiýanyň Iraklion şäherinde jiu-jitsu boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 5 altyn, 6 kümüş, 10 bürünç, jemi 21 medal gazandylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gudrat Esenow kombat görnüşi, Yslam Öwezow bolsa HIF kombat görnüşi boýunça 62 kilogram agram derejesinde birinji orna mynasyp boldular. Şol ýokary okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Aminat Guwanjowa 45 kilogram agramda HIF kombat görnüşinde altyn medal, no-gi görnüşinde hem bürünç medal gazandy. Şu görnüşler boýunça 48 kilogram agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen tutluşyklarda üstünlikli çykyş eden Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýolöten etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Hurma Abdyýewa, degişlilikde, altyn we bürünç medallara eýe boldy. Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Darganata etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ogulşat Nurmedowa hem HIF kombat görnüşinde 70 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşyň altyn medalyny gazandy.

Gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary

Köpetdagyň gözel gerişlerinden uzap gidýän Saglyk ýoly aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň günorta böleginde baş şäherimiziň we onuň daş-töwereginiň tebigat gözelligini gorap saklamak boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde kemala gelen hoştap howaly tebigat hem gönüden-göni täsir edýär. Şu gün Saglyk ýoly boýunça geçiriljek köpçülikleýin ýöriş bolsa sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän talyp ýaşlaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Bilşimiz ýaly, dag eteginiň tämiz howasynyň ýakymy, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýän künjek bu ýerde bolanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygynda «Ahal» topary paýtagtymyzyň «Köpetdagy» bilen bäsleşdi. Netijede 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» utugyny 55-e ýetirip, kümüş medal ugrundaky göreşde «Altyn Asyrdan» üç utuk öňe saýlandy. 52 utugy bolan «Altyn Asyryň» garşydaşyna garanyňda, 2 duşuşygy az geçirendigini bellemek gerek.

Bedenterbiýe we sport

Bu gün eziz Diýarymyzda ýaş nesli sporta giňden höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen köpçülikleýin duşuşyklar geçirilýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketine berilýän üns, döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda bu ugurda döredilen mümkinçilikler, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada täsirli söhbet edilýär. Ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny ýaýbaňlandyrmaga goşant goşmagyň belent maksatlardan gözbaş alýandygy, sporty hemra edinen adama eşretli durmuşyň hemradygy şol çärelerdäki çykyşlaryň özenini düzýär. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagy we türkmen sportunyň has-da ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan edýärler.

«Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoly

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoly halkara arenasynda hem dowam edýär. Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň «B» toparçasynda çykyş edýän Arkadag şäheriniň adybir topary ilkinji iki tapgyrda 6 utuk toplamagy başardy. Duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde Kuweýtde geçirilýän bu toparçada «Arkadag» toparynyň garşydaşlary Kuweýtiň çempiony «Al-Arabi», geçen möwsümde AFK-nyň Kubogynyň ýarymfinalynda çykyş eden Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş Ata» hem-de Maldiw adalarynyň futbol çempionatynyň ýeňijisi «Maziýa Sports» toparlary boldy. «Arkadag» topary birinji duşuşygyny düzümini ýewropadyr brazil futbolynyň wekilleri bilen güýçlendiren «Maziýa Sports» toparynyň garşysyna geçirdi. Toparymyz hüjüm yzyna hüjüm gurasa-da, birinji topy garşydaş topar geçirdi. 45-nji minutda jerime meýdançasynda dürs oýnan Jonatan Zorilla toparyny öňe saýlady. Ikinji ýarymda oýnuň erkini doly ele alan toparymyz 66-njy minutda çep gyradan geçirilen topy kelle urgusy bilen derwezä gönükdiren Didar Durdyýewiň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň 76-njy minutynda bolsa Altymyrat Annadurdyýew hut şeýle urgy bilen duşuşygyň gutarnykly netijesini kesgitledi – 2:1. Birinji tapgyryň beýleki duşuşygynda «Abdyş-Ata» topary «Al-Arabiniň» derwezesinden jogapsyz top geçirmegiň hötdesinden geldi.

Dostluk köprüsi

Ýakynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolan owgan türkmenleriniň «Magtymguly Pyragy» adyndaky medeni jemgyýetiniň futzal topary paýtagtymyzyň hem-de Mary welaýatynyň toparlary bilen halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport mekdebinde iki duşuşyk geçirildi. Ilkinji duşuşyk paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň peýdasyna tamamlandy – 10:6. Soňra Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Senagatbanky» bilen duşuşan myhman topar birinji oýunda goýberen säwliklerinden netije çykaryp, sazlaşykly oýun görkezmäge çalyşdy. Häzirki wagtda dowam edýän ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda ikinji orny eýeleýän, Mergen Ataýewiň tälim berýän «Senagatbank» toparynyň hem erjel çykyş edendigini bellemek gerek. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşygyň 2:2 hasabynda tamamlanandygyna garamazdan, toparlaryň ikisine-de ýeňiş gazanmaga gowy mümkinçilikler döredi. Bu oýun bank işgärlerinden düzülen toparymyzyň türkmen futzalynyň mümkinçiliklerini halkara ýaryşlarda hem görkezmäge ukyplydygyny aýan etdi. Duşuşygyň öňüsyrasy «Senagatbank» toparynyň tälimçileridir oýunçylarynyň myhman toparyň türgenlerine ýadygärlik sowgatlary gowşurandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Baýrak gowşurylyş dabarasynda bolsa duşuşyklara gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkm

Paýtagtyň açyk birinjiligi

Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 12 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda düzzüm boýunça paýtagtyň açyk birinjiligi geçirildi. Şeýlelikde, 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Didarberdi Paşagulyýew 1-nji orny eýeledi. Gadyrmuhammet Nurlyýew 2-nji, Aýmyrat Öwezow 3-nji orna mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda Aýperi Öwezowa ýeňiji bolmagy başardy. Aýperi Baýramgulyýewa 2-nji, Medine Kadyrowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Hünär baýramyna bagyşlanan bäsleşik

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň hem-de okuw mekdepleriniň işgärleriniň arasynda hünär baýramyna bagyşlanan küşt we şaşka ýaryşlary tamamlandy. Erkekleriň arasyndaky küşt ýaryşyna höwesjeňleriň birnäçesi gatnaşdy. Bu ýerde garşydaşlarynyň ählisinden rüstem gelen «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň Bagtyýarlyk etrap bölümçesiniň inspektory Şatmuhammet Aýdogdyýew 1-nji orny eýeledi. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Merkezi dispetçer müdirliginiň operatiw uly dispetçeri Bekmyrat Goçew 2-nji, «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň 35 kW we ýokary elektrik geçiriji howa ulgam gullugynyň esasy inženeri Geldi Öwezow 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Taryhda şu gün

Ol ilkinji ulagyny Hytaýda geçirilen bäsleşikde 150 metr aralykdan geçiren dürs urgusy üçin gazanýar. Ikinji ulagy bolsa 2-nji noýabrda Hytaý Taýbeýinde geçirilen bäsleşikde 133 metr aralykda görkezen netijesi üçin gowşurylýar.

Sport — parahatçylygyň ilçisi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr. Şunuň bilen baglylykda, 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu halkara resminamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy.

Sagdynlygyň, parahatçylygyň, dostlugyň baýdagy

Saglygy iň uly baýlyga deňeýän halkymyz ähli döwürlerde beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge uly ähmiýet beripdir. Berkarar Watanymyzda bu wezipe tutuş jemgyýet we döwlet derejesinde berjaý edilýär. Çünki her bir adamyň saglygy jemgyýetiň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň kuwwatynyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle asylly ýörelgeden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda giň gerimli işleri ýola goýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şeýle asylly ýörelge mynasyp dowam etdirilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi raýatlaryň saglygyny berkitmegiň we jemgyýeti jebisleşdirmegiň möhüm serişdesi bolsa, ýokary netijeli sport ýurduň halkara abraýyny beýgeltmegiň, ýaşlara nusgalyk şahsyýetleri ýüze çykarmagyň guralydyr. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýe we sport sazlaşykly ösdürilýär. Ýurdumyzyň taryhyndaky iň iri halkara ýaryş bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin niýetlenen döwrebap sport desgalarynyň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylanyna, şeýle hem «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyňdyr professor mugallymlarynyň arasyndaky Uniwersiadalaryň, mekdep okuwçylarynyň we dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň gatnaşmagynda Spartakiadalaryň guralyp başlanyna,

Sport

Woleýbol boýunça ýaryş Akdepe etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça «Gaýyş pökgi» atly ýaryş guraldy. Ýaryş diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi.

Sagdynlyk we ruhubelentlik

Golaýda döwlet edaralarynyň işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda bank işgärleriniň arasynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli sportuň woleýbol we şaşka görnüşleri boýunça «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» ady bilen ýaryşlar geçirildi. Netijede woleýbol ýaryşy boýunça Türkmenistanyň «Halkbank» PTB-niň Daşoguz şahamçasy 1-nji, Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasy 2-nji, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz şahamçasy 3-nji ýerleri eýelemegi başardylar.

Düzzümçiler ýaryşdylar

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça welaýatyň göçme kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden dürli ýaşdaky ökde düzzümçiler gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň wekilleri ýaryşyň ýeňijisi boldular. Toparyň düzüminde welaýat merkezindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçylary Amir Öwezow, Gaýrat Bahtiýarow, Niginabanu Çaryýewa, Dilnaza Jumaniýazowa dagy çykyş etdiler. Ýaş türgenleriň görkezen ýokary netijeleri olaryň bu gyzykly oýny kämil özleşdirendiklerini ýene bir gezek subut etdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlar we talyplar topary bolsa ýaryşyň ikinji ornuny eýeledi. Saýatly düzzümçiler bolsa ýaryşda üçünji orna mynasyp boldular.

«Al­tyn top» baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si Wi­ni­si­us Ju­ni­or däl-de, Rod­ri bol­dy

Fut­bol­çy­lar üçin iň ab­raý­ly şah­sy baý­rak ha­sap­lan­ýan «Al­tyn top» baý­ra­gy­nyň, ýag­ny «Bal­lon d’Or»-yň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Şol my­na­sy­bet­li Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­dä­ki Şat­le te­at­ryn­da da­ba­ra ge­çi­ril­di. Gy­zyl ha­ly­dan ge­çiş­lik bi­len baş­la­nan da­ba­ra fut­bol äle­mi­niň öň­ki-soň­ky ýyl­dyz­la­ry, tä­lim­çi­ler, klub­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we baş­ga-da bir­nä­çe gör­nük­li adam­lar gat­naş­dy­lar. Dün­ýä bel­li «France Fo­ot­ball» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan 1956-njy ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän baý­ra­ga bu ýyl «Man­çes­ter Si­ti­niň» is­pa­ni­ýa­ly fut­bol­çysy Rod­ri, do­ly ady Rod­ri­go Her­nan­des Kas­kan­te la­ýyk gö­rül­di. Oňa baý­ra­gy «Al­tyn to­py» 1995-nji ýyl­da ga­za­nan il­kin­ji af­ri­ka­ly fut­bol­çy bo­lan li­be­ri­ýa­ly Jorj Wea gow­şur­dy. 28 ýa­şyn­da­ky fut­bol­çy «Re­al Mad­ri­diň» 3 fut­bol­çy­sy­ny Wi­ni­si­us Ju­nio­ry, Jud Bel­lin­ga­my, Da­ni Kar­wa­ha­ly yz­da gal­dy­ryp, bu hor­ma­ta my­na­syp bol­dy. Rod­ri bu baý­ra­gy ir­ki ýyl­lar­da alan Alf­re­do Di Ste­fa­nio hem-de Lu­is Sua­res­den soň ga­za­nan 3-nji is­pan fut­bol­çy­sy, şol san­da il­kin­ji «Man­çes­ter si­ti­li» oýun­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Umu­my­lyk­da, is­pan fut­bol­çy­la­ry bu baý­ra­gy 4-nji ge­zek al­ma­gy ba­şar­dy. Şeý­le-de, 64 ýyl­dan soň «Al­tyn to­py» alan is­pa­ni­ýa­ly oýun­çy bo­lan Rod­ri baý­

3 oýun­da myh­man­lar üs­tün çyk­dy

Fut­bol bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 28-nji tap­gy­ryň 3 du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Ge­çi­ri­len 3 du­şu­şyk­da-da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. «Al­tyn asyr» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Şa­ga­da­my» Se­lim Nur­my­ra­do­wyň 9-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1-0 ha­sa­byn­da ut­dy. Şol ha­sap «Merw» bi­len «Aha­lyň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ha­sa­ba al­nyp, myh­man­lar Ib­ra­ýym Aman­gel­di­ýe­wiň 35-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Paý­tagt der­bi­sin­de-de «Aş­ga­bat» myh­man­çy­lyk­da «Kö­pet­dag» to­pa­ryn­dan 2-0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Gol­la­ry 25-nji mi­nut­da Beg­my­rat Pir­ku­ly­ýew bi­len 77-nji mi­nut­da Möw­lam­ber­di Goş­şa­now öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy.

8 gol ge­çi­ril­se-de, ýe­ňiş ga­za­nan ýok

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 9-njy tap­gyr­da «Ita­lia» der­bi­si oý­nal­dy. Ju­sep­pe Me­az­za sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da soň­ky çem­pi­on «In­ter» bi­len «Ýu­wen­tus» du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da jan­kö­ýer­ler 8 go­luň şa­ýa­dy bol­sa­la­ram, du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. 15-nji mi­nut­da Piotr Zie­lins­ki pe­nal­ti go­lun­dan «In­te­ri» öňe saý­la­dy. Ýö­ne 5 mi­nut­dan soň Du­şan Wla­ho­wiç ha­sa­by deň­le­di. 27-nji mi­nut­da bu ge­zek «Ýu­wen­tus» öňe geç­di. Bu go­ly Ti­mo­ti Wea der­we­zä gi­riz­di. 35-nji mi­nut­da tej­ri­be­li Mhi­tar­ýa­nyň go­ly bi­len «In­ter» ha­sa­by deň­le­di. 2 mi­nut­dan so­ňam ýe­ne-de Zie­lins­ki pe­nal­ti­ni dürs urdy we «In­ter» öňe saý­lan­dy. 2-nji ýa­ry­ma-da «In­ter» gol bi­len baş­la­dy. 51-nji mi­nut­da Den­zel Dumf­ris ara­ta­pa­wu­dy 2 go­la çy­kar­dy. Du­şu­şy­gyň 61-nji mi­nu­tyn­da «Ýu­wen­tus­da» Wea­nyň or­nu­na Ke­nan Ýyl­dyz oý­na gir­di. Ol 71-nji we 82-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nyp, to­pa­ry­ny ýeň­liş­den ha­las et­di. Du­şu­şyk 4-4 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. «Ata­lan­ta» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da «We­ro­na­ny» 6-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da Re­te­gi bi­len Luk­man 2 gol ge­çir­di. «Fio­ren­ti­na» öz meý­dan­ça­syn­da paý­tag­tyň «Ro­ma­sy­ny» 5-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da Moý­za Ken 2 go­ly der­we­zä gi­riz­di. «Bo­lon­ýa» – «M

«Bar­se­lo­na» öz re­kor­dy­na «Rea­lyň» şä­rik bol­ma­gy­na yg­ty­ýar ber­me­di

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 11-nji tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­ny Mad­rid­de «Re­al» bi­len «Bar­se­lo­na­nyň» ara­syn­da oý­nal­dy. 258-nji res­mi «El Kla­si­ko­da» ýe­ňiş ka­ta­lon­la­ryň ta­ra­pyn­da bol­dy. 1-nji ýa­ry­my gol­suz ge­çen oýun­da «Bar­se­lo­na» ga­dym bäs­de­şi­ni 4-0 ha­sa­byn­da der­bi-da­gyn et­di. Gol­la­ry 54-nji we 56-njy mi­nut­lar­da Ro­bert Le­wan­dows­ki, 77-nji mi­nut­da Ýa­mal, 84-nji mi­nut­da-da Ra­fin­ýa ge­çir­di. Du­şu­şyk­da 8 ge­zek of­saý­ta dü­şen Mbap­pe 3-4 sa­ny örän amat­ly pur­sa­ty el­den gi­der­di. Onuň ge­çi­ren 2 go­ly-da of­saýt se­bäp­li ha­sa­ba alyn­ma­dy. Şun­luk­da, «Bar­se­lo­na» gar­şy­da­şy­ny 101-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 42 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Re­al Mad­ri­diň» «La Li­ga­da» ýeň­liş­siz se­ri­ýa­sy ta­mam­la­nyp, ol şu du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­za­nan ýag­da­ýyn­da «Bar­se­lo­na­nyň» re­kor­dy­na şä­rik bol­ma­ly­dy. Ýö­ne Han­si Fli­kiň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki «Bar­se­lo­na» re­kor­dyň paý­la­şyl­ma­gy­na rug­sat ber­me­di. «Bar­se­lo­na» to­pa­ry «Re­al Mad­ri­di» myh­man­çy­lyk­da şu asyr­da 7-nji ge­zek uly ha­sap bi­len ut­dy. Du­şu­şyk­da 3-nji go­ly ge­çi­ren La­min Ýa­mal «El Kla­si­ko­da» ta­pa­wut­la­nan iň ýaş fut­bol­çy bol­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Re­al Mad­rid­den» soň «At­le­ti­ko Mad­rid» hem ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Be­tis­den» Hi­me­ne­siň 4-nji mi­nut­da­