Sport
Gyzykly ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Taekwondo milli merkeziniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda taekwondo boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden güýçli türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanan türgenleriň arasynda welaýatymyzdan gatnaşan türgenleriň hem bardygy has-da buýsandyryjydyr. Olardan Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiň türgenleri Küren Myradow 36-40 kilogram agram derejesinde birinji, Omar Myradow 20 kilogram agram derejesinde ikinji, Sabyr Atamedow 27 kilogram agram derejesinde üçünji, Amirhan Matýakubow 30 kilogram agram derejesinde üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglandylar.