"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Garaşsyzlyk baýramy

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslenip, şowhun-şagalaňly, dabaraly bellendi. Etrap merkezlerinde, şäherçedir obalarda geçirilen dabaralara bagtyýar ildeşlerimiz egsilmez hyjuw bilen agzybirlikde gatnaşdylar. Esasy baýramçylyk dabarasy Änew şäherinde, welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda saba säherden ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar, şeýle-de baş baýramymyz mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiz gatnaşdy.

Ýaşuly nesliň sarpasy

Düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ýaşulularyň halkara güni Ahal welaýatynda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzda parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şatlykly günde Änew şäherinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary has-da ýatda galyjy boldy. Medeniýet öýünde welaýat derejesinde geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekillerinden başga-da, welaýatyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdy. 

Görelde mekdebi

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda giňden bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara gününiň baýramy adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli sene hökmünde, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun alyp, ata-babalarymyza, ene-mamalarymyza bolan belent hormaty dabaralandyrýar. Onuň many-mazmunynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pähim-paýhasy, watansöýüjilige we ynsanperwerlige esaslanýan durmuş ýörelgeleri jemlenýär. Bu baýram parasatly türkmen gojalarynyň, kümüş saçly eneleriniň döwlet berkararlgyny berkitmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlary ösdürmek, edep-terbiýeli, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaşlary kemala getirmek babatda bitirýän işlerine goýulýan belent sarpany alamatlandyrýar. Ynsan ömrüniň her döwründe göwni dokundyrýan ajaýyplyk bar. Ýaşululyk döwri hem şonuň ýaly. Adamyň ýaşululyk çagy — onuň zähmet we durmuş ýoluna düşüp, okap, işläp, ýaşap ýetişdiren bagynyň miwelerine guwanýan döwri. Mundan başga-da, ýaşululyk — geçilen menzillerde toplan we yzygiderli baýlaşdyran tejribäňi ýaş nesle öwretmegiň, il-gün bilen paýlaşmagyň, täzeçe usullar bilen deňeşdirip, oňyn netijeler barada pikir alyşmagyň hem döwri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, türkmen halky ýaşuly nesle uly sarpa, beýik hormat goýýar. Bu Oguz han atamyzyň ýaşan döwürlerinden bäri dowam edip gelýär. Ýaşulusyna ho

Belent hormatyň beýany

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa häkimligiň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy

Ýaşulularyň halkara gününiň dabaralary toýly günleriň üstüni ýetirip, zähmetkeş halkymyzyň ýürek buýsanjyny goşalandyrdy. Şu mynasybetli welaýatymyzda hem çäreleriň uly toplumy giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri welaýat merkezindäki Magtymguly meýdançasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Dana şahyryň ýubileý toýunyň şanyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen dabaralandyrylýan ýylymyzda bu şanly sene sazlaşykly häsiýete, baý mazmuna eýe boldy.

Ýaşuly nesle belent sarpa

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşululara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň edildi. Il sylagly ýaşulular, mährem eneler özleri hakda edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, ýaşlara agzybirligi, adalatlylygy, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, ahlak arassalygyny, halallygy, ajaýyp zamananyň gadyryny bilmegi, tutanýerli zähmet çekmegi öwüt-ündew etdiler.

Şu gün ― Ýaşulularyň halkara güni

Ýaşuly nesle belent hormat Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Asylly däbe öwrülen bu baýramçylyga welaýatymyzda hem giň orun berilýär.

Sarpasy belent ýaşulular

Türkmenabat şäherindäki «Çarbag» seýilgähinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we welaýatymyzyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde dilleri senaly gojalarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň ýürek buýsançlary diňlenildi. Olar berkarar Watanymyzda ýaşuly nesliň sarpasynyň belent tutulýandygy, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň öwüt-ündewlerine eýerilýändigi üçin hoşallyklaryny bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, ýaş nesliň watansöýüjilik, halallyk, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelenilmeginde sarpasy belent ýaşulularymyz öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

Ýaşulularyň halkara güni dabaraly bellenilip geçildi

Hormat-sarpanyň eýeleri Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralaryna utgaşyp gelen ýene-de bir şanly sene — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, TDP-niň, TSTP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Baýramaly şäher medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamlarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Möhüm waka bagyşlanyldy Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça durnukly ösdürmegiň, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda şu möhüm waka mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Şu gün — Ýaşulularyň halkara güni

Törleriň töresi, toýlaň bezegi Her ýylda altyn güýzüň ikinji aýynyň ilkinji gününde ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni uly dabara bilen bellenip geçilýär. Bu şanly sene döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda iň arzyly günleriň biri bolmak bilen birlikde, halkymyzyň asly halal hem milli ýörelgelerine belent ygrarlylygyny aýdyň alamatlandyrýar.

Arkadag şäheri – bagtyň bahary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup ýalkym saçýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine “ýaşlar şäheri” diýilmegi ýöne ýerden däldir. Bu adalga ýaşlaryň diňe şäheri gurmaga gatnaşandyklary bilen bagly däldir, ol ýaşlaryň şähere siňdiren zähmeti, ukyby, zehini bilen çäklenmeýär. Arkadag şäherinde ýaşajak, zähmet çekjek, bilim aljak, hünär öwrenjek - ösüp-örňejek ilat, esasan, ýaşlardyr. Arkadag şäheri geljegiň şäheridir. Geljek bolsa, elbetde, ýaşlardyr. Ýurdumyzyň geljegini häzirki ýaşlar, onda

Abadan durmuşyň hatyrasyna

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilen çäreleriň jemleri jemlenildi we onuň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary we mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, müdirligiň gözegçileri gatnaşdylar. Dabara IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp guralýan çäreler, maslahatlar, usulyýet okuwlary, öňüni alyş işleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegine, ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam edýär. Şeýle asylly işler her bir adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Dilleri senaly garrylar gerek

Umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram — Ýaşulularyň halkara güni dünýäniň dürli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýär. Ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, geljekki nesillere görüm-görelde, terbiýe mekdebidir. Bu gün öýlerimiziň, toýlarymyzyň we jemgyýetimiziň bezegi bolan ýaşuly nesillerimize akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde belent sarpa goýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky «Garry — öýüň sütüni», «Ýigit — söweşde, garry — geňeşde», «Ata barynda — ogul ýaş, aga barynda ini ýaş», «Ata razy — Hudaý razy. Ene razy — pygamber razy» ýaly nakyllarda özüňden ululara, ýaşuly adamlara hormat goýmak ýaly türkmençilik ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Çagalar — biziň umyt-arzuwlarymyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär (Ýaşlar we hukuk özgertmeleri)

Ýurdumyzyň islendik ulgamynyň ösdürilmegi onuň hukuk binýadynyň berkidilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär. Kabul edilýän maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän demokratik ýörelgeleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşleri, il-halkyň bähbitlerini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendiginiň aýdyň beýanydyr.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Watanymyzyň bagtly zenanlary» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Aşgabat şäher Ýaşlar guramasynyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebi bilen bilelikde guran çäresinde maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Belent maksatly ýaşlar (Buýsançly köňülleriň kelamy)

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygyndadyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar naýbaşy orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň beýanydyr.

Röwşen geljegimiz ugrunda

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, toýly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, geljek ýyllarda-da döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aljak düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim berler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri barada nygtamak bilen, mundan beýläk-de bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barmak, halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek işleriniň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. Bu ugurda üstünlikli dowam edip gelýän

Döwlet resminamalary berildi

Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ― 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, hormatly ýaşulular we eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.