Dilleri senaly garrylar gerek

30 Sentýabr 2024
411

Umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram — Ýaşulularyň halkara güni dünýäniň dürli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýär. Ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, geljekki nesillere görüm-görelde, terbiýe mekdebidir.

Bu gün öýlerimiziň, toýlarymyzyň we jemgyýetimiziň bezegi bolan ýaşuly nesillerimize akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde belent sarpa goýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky «Garry — öýüň sütüni», «Ýigit — söweşde, garry — geňeşde», «Ata barynda — ogul ýaş, aga barynda ini ýaş», «Ata razy — Hudaý razy. Ene razy — pygamber razy» ýaly nakyllarda özüňden ululara, ýaşuly adamlara hormat goýmak ýaly türkmençilik ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Mergen BAÝRAMGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň esasy habarçysy.
Beýleki habarlar