Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

4 Noýabr 2022
1567

Ekologik ýagdaýy has-da gowulandyrmagyň baş şertleriniň biri-de, ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekdir. Şunuň bilen bagly milli ýörelgelerimizi, däplerimizi bilmek ýaş nesliň mukaddes borjy. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ösümlik hem haýwanat dünýäsini gorap saklamaga çalşypdyrlar. Gözel tebigatyň adamzada eçilen baýlyklary bolan suwdan, howadan, ýerasty we ýerüsti gymmatlyklardan ýerlikli peýdalanmak, olaryň ähmiýeti dogrusynda ýaş nesillere ündäpdirler. Ýaş nesiller hem ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramakda, onuň baýlyklaryna eýeçilik gözi bilen garamakda goşantlaryny goşýarlar.

Şu gün bolsa ýurdumyzda ajaýyp tebigatymyzyň gözelliklerine gözellik goşjak bag nahallaryny oturtmak dabarasy geçirilýär. Munuň özi tebigatymyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, dem alýan howamyzyň has-da arassalanmagyna getirer.

Gülüstan NAZARMÄMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar