Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak ata Watanymyzda amala aşyrylýan ähli düzümleýin taslamalara bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kesgitlenilýär, ekologiýa howpsuzlygynyň hukuk esaslary berkidilýär. Diýarymyzyň tebigy-howa aýratynlyklarynyň netijeli ulanylmagy ata Watanymyz Türkmenistany sebitde we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki başlangyçlarynda öňdäkileriň hataryna çykarýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guralmagy we bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi aýdanlarymyzy tassyklaýan hakykatdyr. Ýeri gelende, iň köp hünärmeniň gatnaşmagynda geçirilen ekologiýa boýunça bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi her bir türkmenistanlynyň belent başyny gök diredendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Çünki bu hoş habar ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň belent nusgasy hökmünde halkara ykrarnama eýe bolýandygyny ýene bir ýola subut etdi.