«Tes­la»-nyň söw­da­la­ry re­kord derejä ýetdi

9 Ýanwar 2022
1764

ABŞ-nyň elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­ýän «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de dün­ýä ba­za­ryn­da 308 müň­den gow­rak ulag sat­dy. Şeý­le­lik­de, bu ba­bat­da «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy ýe­ne-de re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Kom­pa­ni­ýa öň­ki re­kord de­re­je­si­ni üçün­ji çär­ýek­de 241,3 müň­den gow­rak elektrik ula­gy­ny sa­tan­da ga­za­nyp­dy. «Tes­la»-nyň umu­my söw­da­la­ry 2021-nji ýyl­da 936 müň aw­tou­la­ga ba­ra­bar bol­dy, bu bol­sa 2020-nji ýyl­da sa­ty­lan 500 müň­den go­w­rak aw­tou­lag bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, tak­my­nan, 87% köp­dür.

Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da «Tes­la»-nyň paý­na­ma­la­ry 6,35% gym­mat­la­dy.

Oguljeren HOJAKOWA
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby
Beýleki habarlar