«Toyo­ta Mi­rai» re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di

15 Oktýabr 2021
1770

«Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy wo­do­rod ýan­gyç­ly «Mi­rai» ula­gy bi­len iň uzak ara­ly­ga ýol ge­çip, re­kord­lar ki­ta­by­na ady­ny ýaz­dyr­dy. Il­kin­ji nus­ga­sy 2014-nji ýyl­da ta­nyş­dy­ry­lan «Mi­rai» aw­tou­la­gy­nyň hä­zir­ki wagt­da ikin­ji nes­li müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­ýär. Bu ulag aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si ha­sap­lan­ýan wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýär. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­ki­li Maýkl Emp­rik ula­ga ýan­gyç guý­lan­dan soň­ra ony mö­hür bi­len ýap­dy. Us­sat sü­rü­ji­ler Waýn Ger­des hem-de Ro­bert Win­ger ula­gy bel­le­nen ara­lyk­da sü­rüp baş­la­dy­lar. Ulag bi­len bi­rin­ji gün 760 km, ikin­ji gün 600 km ýol ge­çil­di. Ýola dü­şen ýe­ri­ne aý­la­nyp ge­len «Mi­rai» je­mi 1360 km ýol geç­di. Iki gü­nüň do­wa­myn­da ulag 5,65 kg wo­do­rod sarp edip­dir. Sy­ýa­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ulag 12 sa­ny wo­do­rod ýan­gy­jy­ny guý­ýan be­ke­de so­wul­man ge­çip­dir. Şeý­le ara­lyk ada­ty ulag bi­len ýol he­re­ke­ti­niň köp wag­ty ama­la aşy­ry­lan­da, 300 kg kö­mür­tur­şy ga­zy çy­ka­ry­lar­dy. «Mi­rai» he­re­ket eden wag­ty hiç hi­li zy­ýan­ly gaz çy­kar­ma­dy. Ula­gyň ýö­re­ýän ug­ry GPS ar­ka­ly uzak­dan gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­dy.
Sy­na­gyň aw­gus­tyň ahy­ry­nda ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky «Toyo­ta teh­ni­ki mer­ke­zin­de» ge­çi­ri­len­di­gi mä­lim edil­di. Mun­dan ozal şeý­le sy­nag Fran­si­ýa­da hem ge­çi­ri­lip­di. Iýun­da ge­çi­ri­len sy­nag­da «Mi­rai» 1003 ki­lo­metr ýol ge­çip­di.

Je­ren Ho­ja­my­ra­do­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

Beýleki habarlar