Boýag ösümligi

4 Iýun 2021
2136

Türkmeniň behişdi topragy ir-iýmişlere, dermanlyk ot-çöplere baý bolşy ýaly, boýag, dürli reňkleri almak üçin ýabany ösümlikleriň hem mekanydyr. Keteni, sowsany, alaça, göwderi ýaly milli matalary, nepis we owadan halylary dokamak üçin ene-mamalarymyz ilki ýüpekden we ýüňden olaryň sapaklaryny taýýarlapdyrlar. Inçe egrilen sapaklar tebigatdan alnan dürli reňkler bilen has göze ýakymly görnüpdir. Boýag almak üçin çöpboýa, sarygül, naryň we soganyň gabygy, dürli güller ulanylypdyr. Olaryň arasynda adyndan belli bolşy ýaly, çöpboýa hakyky boýaglyk ösümligidir. Çöpboýadan alnan reňkleriň üstünden ençeme asyr geçse-de solmandyr.

Çöpboýa, esasanam, dag eteklerinde, suwarymly ýerlerde, derýalaryň ýakasynda, haşal otlaryň arasynda ösýär. Ol Köpetdagyň günorta-günbatarynda, Köýtendagda, Amyderýanyň suwarymly ýerlerinde duş gelýär.

Aýjeren BAÝRAMALYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar