Tebigat — milli baýlygymyz

4 Iýun 2021
1951

Mähriban Diýarymyzyň islendik künjegi tebigatyň gaýtalanmajak gözelligi bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň daşky gurşawy-da özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Belent daglar uzaklardan howalanyp görünýär. Gözýetime uzap gidýän gök deňiz tolkun atýar. Ýerasty we ýerüsti baýlyklar näçe diýseň bar, sähralar, düzler ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişiň bol hasyly alynýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüni, onuň daş-töweregini göreniňde, adam paýhasy bilen döredilen uly gidrotehniki desganyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti baradaky pikir seriňe dolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, tebigatyň gözelligine buýsanmazlyk mümkin däl. Tebigatymyzy goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak bolsa iň wajyp wezipedir.

Ýurdumyzda ekologiýa meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Muny tassyklaýan mysallar az däl. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly Konwensiýalarynyň ençemesine goşuldy. Türkmenistan tebigaty goramak boýunça halkara meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki maslahatlarda howa, suw we beýleki meseleler babatda öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan çuň makullanmak bilen garşylandy.

Şamyrat BEGJANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar