Bathyzyň jerenleri

31 Maý 2021
2596

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzy baga-bossanlyga öwürmek hem-de ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, milli tokaý maksatnamasyny amala aşyrmak we ata Watanymyzyň tebigatynyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy esasda öwrenmek işleri goraghananyň işgärleriniň öňünde duran uly wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamakda “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasynyň ähmiýeti hem örän uludyr. Sebäbi, goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürlüligi bilen tapawutlanýar. Goraghananyň ýerüstüniň keşbi üç dürli bolup, ýagny, sähra meýdany, pisse tokaýlygy we gury çöketlik toýnakly haýwanlara ýaşamaga we neslini dowam etdirmäge uly mümkinçilik berýär. Goraghananyň uçut gaýaly daglary, al-ýaşyl öwüsýän sähra meýdanlarynyň gözelligine gözellik goşýan owadan haýwanlaryň birnäçesi bolup, olaryň biri-de Bathyz keýikleridir. Il arasynda olara “jerenler” hem diýilýär.

Keýikler süýdemdirjiler klasynyň goşatoýnaklylar otrýadynyň gynşahlylar maşgalasynyň iň gözel wekilleriniň biridir. Keýik daşky keşbi boýunça orta boýly hem-de syratlydyr. Onuň agramy 20-30 kilograma ýetýär. Jereniň inçemik aýagy we ýiti toýnagy bolýar. Ol örän ýyndam jandardyr. Kellesi we gulagy kiçijik, boýny inçeden uzyn, şahynyň uzynlygy 30 santimetre çenli ýetýär. Şahynyň ujy ýylmanak, düýbüne ýakynrak ýeri tolkun görnüşli, keseligine halka- -halka bolýar.

Beýleki habarlar