«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Türkmen halkynyň mukaddeslik derejesine ýetiren milli gymmatlyklary onçakly kän däl. Olar Watan, ene toprak, ene-ata hem-de döwletliligimizi aňladýan mukaddes nyşanlarymyz — Baýdak, Tugra, Döwlet Senasy, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz — hemişelik Bitaraplygymyz hem Garaşsyzlygymyzdyr. Ata Watanymyzyň at-abraýyny, mertebesini dünýä ýaýmakda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de baky Bitaraplygymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Watanyň asudalygy, bagtyýarlygy, erkanalygy şol mukaddes gymmatlyklara baglydyr.