Bilim — bossan, döwür — dessan

1 gün öň
40

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyz şanly ösüşleriň täze belentliklerine gadam goýup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde bilim ulgamyny özgertmek, hemmetaraplaýyn bilimli, täzeçe pikirlenýän hem-de maksada okgunly ýaş nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda-da durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeler, bilim işgärleri, ýaşlar barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri okatmagyň hem-de bilim bermek usulyýetiniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiliklerini doly açmak üçin şert döredilen merkezlerdir. Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleri ýaş nesliň hemmetaraplaýyn döredijilik zehinlerini we başarnyklaryny, sporta höwesini, ýokary hünär derejesini emele getirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Ziýada BARATOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar