Bilim işgärleriniň baýramçylyk sowgady

9 Dekabr 2024
476

Şu ýylyň 9-njy dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşiginiň jemi jemlenip, sylaglaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen dabara ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdy.

Bu çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçiliklerine hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çäräniň dowamynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmek ugrunda çeken döredijilikli zähmeti hem-de aýratyn pedagogiki ussatlygy üçin öňdebaryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň  Hormat haty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Ogulşat DURDYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar