Biologik köpdürlülik — ýaşaýyş üçin ilkinji şertleriň biri. Çünki ösümliklerdir jandarlar hut şeýle tebigy şertlerde ýaşamak üçin gerek zatlarynyň ählisini tapýar. Diýmek, bu tebigylyk diňe bir ekologik ýa-da gözellik babatda zerurlyk bolman, eýsem, hil-hillik ahyrsoňunda ykdysady bähbide öwrülýär. Çünki täze ykdysadyýet lükgeligi bilen ählumumy ýaşaýşa hyzmat etmeli, ýagny diňe ynsana däl-de, ähli janly dünýäniň bähbidine bolmaly. Biziň halkymyz gülzarlyga tapylgysyz bezeg lezzeti diýip düşünýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, şeýle tebigat bezeginiň gerim-ýaýrawynyň görlüp-eşidilmedik derejede giňemegine hem-de köpdürlüligiň hasabyna hil taýdan düýpli gowulanmagyna mümkinçilik has-da artdy. Şeýle işler soňy bilen dünýäde ekologik sazlaşyga barha artýan zerurlygyň, howanyň üzül-kesil üýtgemegi netijesinde gaýragoýulmasyz wezipä öwrülip, has möhüm ähmiýete eýe boldy. Diýmek, Türkmenistanyň bu babatda öňdengörüjilikli syýasaty we yzygiderli tagallalary häzirki zaman dünýä meýillerine laýyk gelýär.
Halkymyz bu işleriň hözirini öňräkden görüp ugrady. Muňa bol delillerden ýeke mysal: ýollarymyzyň ýaşyl jähegine öwrülen baglaryň hatary barha artyp, gelşik bermekden gaýry, howamyzy-da tämizlese, olaryň ilki ekileni indi ulagyny sowup, biraz demini dürsejeklere saýa salýar. Şeýle sogaply işe, ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, tutuş ýurduň raýatlarynyň gatnaşmagy dogry çözgüt boldy. Çünki ekologiýa hemmelere dahylly. Özem juda wajyp iş. Şuňa ilatyň ugurtapyjylyk bilen, döredijilikli çemeleşen ýerlerinde ýüze çykýan meselelere, ýagny topragyň düzümidir ýerasty suwuň derejesi bilen baglanyşykly ýagdaýlara tiz we netijeli çözgüt tapyldy. Şeýle ýerleriň biri-de Gökdepäniň Ajykäriz obasynyň çäginden geçýän uly ýoluň ugry boldy. Ozal bagdyr ekin bitmeýän şorlukda ýerasty suwuň derejesem ýokary. Onsoň, şor toprakdyr ýerasty suwa çydamly baglary ekmek makul bilindi, ýöne şonda-da mümkingadar dürli görnüşdäkilerini. Şolaryň biri — igde. Munuň ýene bir amatly tarapy — gurak howa çydamlydygy. Onuň meýdany 40 gektaryň ýarysyna golaýyny tutýar. Bankyň jogapkär bagbany Annageldi Mämmäýewiň aýtmagyna görä, igdäniň idegi ýeňil, üstesine, suwy az talap edýär. Dökündir depine-de onçakly mätäç däl. Ýene bir amatly tarapy, ony edil şänigidir kökünden köpeldip bolşy ýaly, çybygyndan nahal ýetişdiribem bolýanlygy. Bu ýerde işgärleriň özi her ýyl 30 — 40 müň düýp nahal ýetişdirip, bankyň beýleki bagçylyk bölümlerine-de paýlaýar. Ýol ugrundaky emeli tokaýlyga öwrülen baglaryň igde agaçly bölegi köpdürlüligiň birsydyrgynlykdan artykmaçlygyny mesaňa aýan edýär: onuň ekologik ähmiýetinden daşgary ýene bir parhy — göze-de ýakymly görünýändigi.