Oba hojalyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerledip

7 Noýabr 2024
319

Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär, onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunda sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistanda bu ugra degişli halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Beýleki habarlar