Maksada okgunly ýaşlar

23 Oktýabr 2024
434

Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylmyň-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Hususan-da, ýurdumyzda maksatnamalaýyn esasda milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady görnetin berkidilýär. Her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Intellektual bäsleşikde nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet we başga-da birnäçe ugurlara aýratyn üns berilýär.

Şanazar ÖRÄÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.
Beýleki habarlar