Asuda hem sagdyn durmuşyň goragynda

9 Oktýabr 2024
278

Raýatlaryň asuda, eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ömrüni, saglygyny, kanuny hukuklaryny goramak, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda hemişe öň hatarda durýan wezipelerdir. 

Jemgyýetimizde asudalygy goramak bilen birlikde, her bir raýatyň öz kanuny hukuklaryna, borçlaryna düşünmegini, ýaşlaryň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen wagyz-ündew, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmak biziň — polisiýa işgärleriniň esasy wezipelerine degişlidir. Kanuny talaplaryň, tertip-‑düzgüniň berk berjaý edilmegini gazanmak jemgyýetimiziň hemişe asuda bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Esasan hem, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watana, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize, il-güne wepaly, ýokary adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin tejribämizi, başarnygymyzy gaýgyrmaýarys.

Nowruzaly ÝUSUBALYÝEW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar