Goluna ýaglyk baglanan

9 Oktýabr 2024
510

Toý däpleriniň arasynda toýda hyzmat edýän adamlara aýratyn hormat-sylag edilýändigini aňladýan dessurlar bar. Toýa hyzmat etmek uly derejeleriň biri saýylýar. Kim çaý gaýnadyp, nahar ataryp, kimler saçak bezäp, toý eýesini goldaýar, ýardam berýär. Halkymyzyň «Toýuňda gaýtarýan» ýa-da «Toýuňda gaýtsyn!» diýen hoşallyk jümlesiniň manysy, gör, nirede jemlenýän eken. Toýda ak bugdaýyň unundan dürli görnüşli toý çörekleri taýýarlanýar. Çelpek, gatlama, pişme, ýagly petir, gury petir, süýtli çörek, gatlakly çörek, gömme çörek bişirilip, toýa gelen märekä hezzet edilýär.

Tamdyrda toý çöreklerini ýapýan, gazanyň başynda durup, dürli çörek önümlerini bişirýän zenanlara aýratyn sarpa goýulýar. Gülşüp-degşip, toýuň şowhunyny artdyryp oturan zenanlaryň biri öý eýesine degip söz açýar: «Gözel daýza, gatlama bişirýän gelin «elim agyrýar» diýýär. Hany, toýa niýetläp goýan ýaglyklaryň biri bilen onuň elini seýikläp goýber!».

Maral ORAZBAÝEWA,
TOHI-niň uly mugallymy.
Beýleki habarlar