Paýtagtymyzda we welaýatlarda täze saglygy goraýyş desgalary ulanyşa berildi

9 Oktýabr 2024
379

Raýatlaryň saglygy — döwletiň iň uly baýlygy. Hut şoňa görä-de, adamlaryň abadan durmuşy hakynda aladany ileri tutýan ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şu gün — 9-njy oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolup, Watanymyzda ynsan saglygy hakynda edilýän aladalaryň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açyldy. Iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabaralaryna Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri we paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy.

«Watan».
Beýleki habarlar