Okuwçylara goşgulary öwretmegiň ähmiýeti

8 Oktýabr 2024
632

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan dersleriň hatarynda türkmen dili we edebiýat sapaklaryna aýratyn orun degişlidir. Bu dersler çagalaryň diňe bir sözleýiş we pikirleniş başarnyklaryny ösdürmäge kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine-de ýardam edýär. Edebiýat sapagyny geçenimizde okuwçylara goşgular hakynda düşündirýäris, goşgulary ýatdan aýtmagy öwredýäris.

Goşgulary ýat tutmak çagalar üçin ilkibaşda ýeňil bolmasa-da, dogry çemeleşmäni saýlap almak has gowy netijelere ýetmäge kömek edýär. Çagalar goşgulary ýat tutmak arkaly ýatkeşligini berkidýär. Diňe bir gaýtalap ýat tutman, eýsem, şygyrlaryň many-mazmunyna düşünip öwrenmek ählitaraplaýyn peýdalydyr. Ilki bilen, çagalara düşnükli bolan goşgulary saýlap almak, olaryň her bir setiriniň manysyny ýönekeý sözler arkaly düşündirmek çaganyň aňynda logiki yzygiderliligi gurmaga kömek edýär. Goşgular çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä saýlanyp alynmalydyr.

Arzygül REÝIMOWA,
Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar