Möhüm çözgütler kabul edildi

2 Oktýabr 2024
388

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň bady artýar. Raýat jemgyýetimizde milli demokratik ýol-ýörelgelerimizi has-da kämilleşdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ajap eýýamymyzda ýetilen belent sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak we bähbitli netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek gadymy halkymyzyň asylly däpleriniň birine öwrüldi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm wakasy boldy. Bu ählumumy foruma gatnaşyp, taryhy wakanyň şaýady bolmak guwanjymy goşalandyrdy. Guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen mejlisde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary mejlise gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Bu mejlisde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk wezipeleri kesgitlenilip, olaryň oňyn çözgütleri kabul edildi.

Beýleki habarlar