Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

1 Oktýabr 2024
346

Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine bolan buýsanjy jemleýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilip, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlar boýy eden arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar we adam hukuklary ulgamynda taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen günsaýyn öňe barýar. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Annamuhammet NURYÝEW,
Adalatçynyň diwanynyň Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar