Ynsan başynyň täji

25 Sentýabr 2024
500

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Häzirki wagtda sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek üçin ata Watanymyzda ähli mümkinçilikler bar. Saglygy goraýyş we dikeldiş merkezlerinde, şypahanalarda ýylyň islendik döwründe raýatlarymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmekleri ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby häzirki wagtda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda uly seslenme döredýär. Kitapda türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýeti ylmy taýdan esaslandyrylýar hem-de bejerijilik ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynda kitapda agzalýan dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlar taýýarlanyp, saglygyny berkitmäge gelýänlere hödürlenilýär. Ýurdumyzyň ähli şypahanalary geçen sanlyja ýyllaryň içinde döwrebaplaşdyryldy, täze binalar guruldy.

Owadan ARMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar