«Myradym nesihat etmekdir halka»

25 Sentýabr 2024
601

Manyly ömrüni, egsilmez ylahy zehinini, çuňňur parasadyny halkyna bagyşlan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy üstünden asyrlar aşsa-da, özüniň gymmatyny ýitirenok. Gaýtam, ol barha täze öwüşgin bilen äleme nur saçýar. Munuň özi Pyragynyň halkymyzyň ýürek owazyny, isleg-arzuwlaryny diňläp, olary çeper söz bilen iňňän ýokary derejede beýan etmegi başarandygyndadyr. Şeýle ussatlyk beýik şahyryň özünden öňki geçen akyldarlaryň eserlerini, halk döredijiligini düýpli öwrenendigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gündogaryň görnükli söz ussadynyň köpgyraňly döredijiliginde öwüt-nesihat häsiýetli goşgular agdyklyk edýär. Bu bolsa şahyryň halkymyzyň, onuň geljeginiň öňündäki beýik borjy bütin durky bilen duýandygyndan, bu möhüm meseläni ykbal işine öwrendiginden habar berýär. Ahlak päkligi, ýokary adamkärçilik, rehimdarlyk, watansöýerlik ynsany bezeýän we oňa il içinde at-abraý getirýän sypatlardyr. Görnükli şahyrymyz olar barada söz açylanda, döwet galamyny örän ezberlik bilen ýöredýär. Bu babatda onuň «Gidiji bolma» atly goşgusy aýratyn orunda durýar. Ajaýyp goşgy ata Watany jandan-dilden söýmäge, halka hyzmat etmäge, ýagşy işleri bitirmäge, adamlary sylamaga, hoş sözli, mert, adalatly, dogruçyl bolmaga çagyryşdyr. Şahyr:

Aýnagözel ÝAZKULYÝEWA,
Saýat etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar