Ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň işimize ornaşdyrylmagy oňyn netijeleri gazanmagyň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu meseläni mydama üns merkezinde saklaýar we degişli tabşyryklary berýär. Şolara laýyklykda biziň müdirligimiz hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Munuň özi welaýatymyzyň etraplaryndan zerur maglumatlary toplamak, saklamak we olary seljermek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de welaýatymyzyň çäginde döremegi mümkin bolan tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olaryň ýetirip biljek zyýanlaryny peseltmek maksady bilen, raýat goranyşynyň gulluklarynyň, edara-kärhanalaryň raýat goranyşynyň güýçleriniň bilelikdäki, özara sazlaşykly hereketlerini guramak üçin toplumlaýyn tälim beriş okuwlarynyň üstünlikli geçirilmeginde hem sanly ulgamyň ähmiýeti uludyr. Ýörite kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan otaglarda wideo şekilleri ulanmak, aragatnaşygyň döwrebap enjamlary arkaly türgenleşik geçirilýän ýer bilen dolandyryş merkeziniň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak has ýeňilleşdi. Sanly ulgamyň raýat goranyşy we halas ediş işlerinde giňden ulanylmagy harby gullukçylaryň öz wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmeklerine uly ýardam berýär.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri mundan beýlägem rowaç alsyn!