Adyňyza alkyş ýagýar, Arkadagly Serdarymyz!

23 Sentýabr 2024
432

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna barýan Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyz toý donuny geýdi. Dabaraly çäreler, çykyşlar, dürli ugurdaky bäsleşikler bu uly toýuň şowhunyna şowhun, şatlygyna şatlyk goşýar. Şeýle çäreleriň biri — aýdym-sazly dabara geçen ýekşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilip, ol aýratyn öwüşgine eýe boldy. Sazly kompozisiýalaryň, aýdylan aýdymlaryň, okalan goşgularyň üsti bilen döwletimiziň başynda duran hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri wasp edilip, jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.

Beýik döwür beýikleri döredýär. Dogrudan-da, bu jümleleriň aňyrsynda ýyllaryň dowamynda dabaralanan hakykat bar. Çünki beýikleri beýik döwrüň döredýändigini bize döwrüň özi aýan edip berdi. Mysal hökmünde, diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni alsagam, şöhratly wakalary, buýsançly pursatlary sanap gutarar ýaly däl. Şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan ak alkyşlaryň bar ýerinde döwür sözüni ulanman bilmeris. Goşgularymyzda:

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».