Döredijilik duşuşygy geçirildi

20 Sentýabr 2024
544

Kitaphanamyzda «Garaşsyz Watanda iller bagtyýar» diýen at bilen döredijilik duşuşygyny geçirdik. Oňa bilim we kitaphana işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyny öwrenmekde, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny halkyň arasynda wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda durmuşa geçirilýän beýik işlere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Aýratyn hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň watançylyga, ahlaklylyga, arassa zähmete ýugrulan şygyrlarynyň ýaşlar üçin özboluşly mekdepdigi, terbiýeçilik sapagydygy nygtaldy. Şeýle hem mekdep okuwçylary berkarar döwletimizi, ýurt parahatçylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edip ýazan goşgularyny okadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar kitap sergisini hem synladylar. Sergide mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp çap edilen neşir önümleri görkezildi.

Sadat TOÝLYÝEWA,
Dänew etrap merkezi kitaphanasynyň Boýnyuzyn geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.