«Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ösüşiň täze belent basgançaklaryna tarap barýar. Häzirki wagtda Garaşsyzlygyň gazananlaryny pugtalandyrmak bilen, tutumly işler dowam etdirilýär. Ata Watanymyzyň alyp barýan hoşniýetli we parahatçylyk söýüji içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde halkara abraýy belende galýar. Munuň özi döwletimiziň sebit we dünýä möçberinde alyp barýan ynsanperwer işleriniň ykrarnamasy bolup durýar.
Altyn güýzüň ilkinji aýynda beýik döwrümize şan berjek taryhy wakalar biri-birine utgaşýar. Olaryň arasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn orunda durýar. Bu ählihalk forumynda halkymyzyň mynasyp wekilleri bilen geňeşilip, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler. Olar bolsa ýurdumyzyň mundan buýana-da okgunly ösmegine, ilatyň abadan we eşretli ýaşamagyna itergi berer.