«Ak altynly» kerweniň uzap barýar hatary

17 Sentýabr 2024
421

Daýhanyňky ýer bilen. Onuň ähli aladasy, öňde goýýan maksady möwsümleýin oba hojalyk işleriniň her birini öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek arkaly tohum ekip, ondan bol hasyl almakdan ybarat. Bu asylly maksat onuň goluna, biline kuwwat berýär, kalbyna ganat bagladýar. Şonuň üçin ol ähli yhlasyny, zähmetini ene topraga bagyş edýär.

«Daýhan mert — ýer jomart» diýleni. Toprak daýhanyň yhlasyna, zähmetine görä bereket eçilýär. Muňa biz şu ýyl edermen gallaçylarymyzyň ajaýyp zähmet üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Ynha, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary hem ýeňlerini çyzgap, pagta ýygymyna girişdiler. Häzirlikçe olar üçin arzyly pellehana heniz öňde. Pagta ýygymyna ýaňy badalga berildi.

Ýazga geçirenler Laçyn SAMMAKOWA, Tirkeş MÄMMEDOW, Saparmyrat HAKMYRADOW, Şöhrat ABDYÝEW, Allaberdi SAPARGELDIÝEW, Maral AKMYRADOWA,
«Bereketli toprak». Surata düşürenler Muhammet Garaýew, Andreý PAKULOW, Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar