Ak hanalar açylýar, berekedini eçilýär

17 Sentýabr 2024
358

1998-nji ýylda Haýytgül orta mekdebiň ahyrky synpynda okaýardy. Bir gün sapakda türkmen dili we edebiýat mugallymy: «Sen geljekde kim bolmakçy?» diýen sowaly orta atdy. Kim lukman, kim mugallym, kim inžener, kim hasapçy bolmaga höwes bildirdi. Gezek Haýytgüle ýetende: «Men kärendeçi daýhan boljak. Çünki ata-babalarymyz ene toprakdan rysgal-döwlet tapypdyrlar» diýdi. Onuň bu aýdanlaryny mugallym-da, okuwçylar-da makulladylar. Orta mekdebi tamamlandan soň, ol Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň 6-njy kärendeçiler toparynyň ekin meýdanyna geldi. Ony gören kärendeçiler:

— Tüweleme, Haýytgül, biziň aramyzda bolmakçymy — diýdiler. Gyzyň jogaby nagt boldy.

Sylap BABAÝEW,
Saýat etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar