Ýaş daýhanyň yhlasly zähmeti

17 Sentýabr 2024
377

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginde topraga bagry badaşan, ondan döwlet tapýan kärendeçiler näçe diýseň bar. Şolaryň hatarynda Daýanç Saparowy bellemek bolar. Daýanç ýaşdygyna garamazdan, işiň abyny-tabyny ele alan kärendeçi. Ol öňki ýyllarda diňe bugdaý, gowaça ekip bol hasyl alan bolsa, häzirki wagtda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzyň bu önümlerden doly bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýakynda biz Daýanç Saparow bilen iş üstünde duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

– Men her ýyl «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň çäginde kärendesine alan 35 gektar ýerimde bugdaý, 22 gektar ýerde bolsa gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdim. Şu ýyl Watan harmanyna 35 gektar ýerden 148 tonna galla hasylyny tabşyryp, meýilnamany 200 göterim berjaý etdim. Şu günler güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly  girişdik. Şeýle hem  kärende ýerimiň 4 gektarynda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýäris. Çeken yhlasly zähmetimiň netijesinde gawundyr garpyzyň, pomidordyr soganyň we beýleki gök-bakja önümleriň bol hasyly kemala geldi. Häzirki wagtda bu önümleri ak bazarda ilata elýeterli bahalardan hödürleýäris. Bize yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar