Sport we ýaşlar

13 Sentýabr 2024
380

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimiz ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berýär. Döwletimiziň ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamagynyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagynyň kepili bolup durýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2021—2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäginde bedenterbiýe we sport ugrunda gazanylan üstünlikleri, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini düşündirýän wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Sagdyn jemgyýeti berkarar etmegiň ilkinji şertleriniň biri-de sporty, bedenterbiýäni, saglygy goraýşy ýaýbaňlandyrmakdyr. Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly esaslaryny döretmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Beýleki habarlar