Sepgitde ünsli bolmaly

10 Sentýabr 2024
387

Tomus pasly tamamlanyp, güýz möwsümi öz hökümini ýöredip başlady. Pasyllaryň arasyndaky sepgitde howanyň çalyşmagy, durumynyň üýtgemegi bilen, oňa uýgunlaşmak biraz wagty talap edýär. Her pasylda bolşy ýaly, güýz paslynyň şu günlerinde hem adamlar saglyk ýagdaýyna dykgatly çemeleşmelidirler. Şol sebäpden möwsümiň ilkinji günlerinden bedeniň kesellere garşy goranyjylyk ukybyny güýçlendirmeli, bedeniňi taplamaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Şeýle-de dogry iýmitlenmegiň hem peýdasy uly bolup, bedeniň witaminler, ýokumly serişdeler bilen üpjün bolmagyny gazanmaly.

Sepgitde hroniki ýarawsyzlygy, allergiýasy hem-de immuniteti pes bolan adamlar, ýaşulular howanyň durumyna öwrenişmeli bolýar. Şu pursatlarda olar lukmanyň gözegçiligi astynda bolup, hünärmenleriň degerli maslahatlaryna eýermelidirler. Günüňi meýilleşdirişiňe görä, wagtly-wagtynda iýmitlenmek, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, arassa howada gezmek, rahat uklamak sagdynlygyň esasy şertleriniň biridir. Pasyllaryň çalsygyndaky sepgitde dümewden goranmak üçin pasyllara görä geýinmek hem möhümdir.

Mährijemal ÇOPANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar