Bu toprakda mekan tutan del ekin

21 Awgust 2024
600

Mundan ýarym asyr ozal, talyp döwrümde «kabaçok ikrasy» atly çüýşe gaba gaplanan, özem biraz goňras-gyrmyzy reňkli arzandan hümmetli tagamy witamin zerurlygy bilen ilkinji gezek iýip görüpdim. Görüp otursak, bu goýultmanyň düzüminde üwelen kabaçok bilen käşirdir sogan we pomidor üwmeji bar ekeni. Bizde ösdürip-ýetişdirip boljak ösümligiň beýleki goşundylarynyň ählisi bilen şol döwrüň ýerli azyk senagatynyň hem öndürip biljek harydy heniz nätanyşdy, çünki bu-da ozalky soýuzyň gaýry ýerlerinden getirilýärdi. Hawa, şol mahalky ýörelge-düzgünleriň bazar ykdysadyýetinden alys-daşdalygy sebäpli, ýurduň haryt üpjünçiliginiňem häzirki dürli-dümenlik bilen asla deňeşdirip bolmajak ebla ýagdaýdadygyny gören nesil bolan biz — ýaşy ulular üçin bu köpdürli eşretli ýaşaýşyň gadyr-gymmaty aýry.

Dünýäniň alys künjündäki islendik harydy öz bazaryňda görmek, ylaýta-da, şolaryň aglabasynyň öz ýurduňda-da öndürilýändigi ozal hyýalyňa-da gelmedik hakykat. Özem şolaryň galabasy — hemmä elýeterli bahaly. Muňa köp mysallardan biri — ýene kabaçok. Tagamy badamjanyňka çalym edýän bu önümiň bahasy hem edil badamjanyňky ýaly. Munuň sebäbi, onuň ýurdumyzda geregiçe öndürilýändiginden. Üstesine, munuň şindi hem müşderisi bol däl. Onsoň bu bişirip-düşürmesi hem iňňän ýeňil-aňsat önümiň, iň bolmanda, käbir jähetlerini öwrenmegi müwessa bildim. Internet maglumatlarynyň birinde asly Demirgazyk Meksika saýylýan bu ösümligiň ilkiler diňe çigidi iýler eken. Ýewropa bazarlaryna mundan bäş asyr ozal Amerika yklymynyň beýleki geň-taň saýylýan önümleri bilen baryp düşýär. Başda bu ösümlik botanika baglarynda ýetişdirilip, XVIII asyrda italiýalylar yklymda, belki-de, dünýäde ilkinji bolup onuň doly bişmediklerini azyk görnüşine goşupdyrlar. Goşmazça hem däl: aşgazanyň ýeňil özleşdirýän bu az kaloriýaly azygy hut şol zamanlarda başlan, häzir has möwjän semizligiň elýeter berhizligi bolup çykdy. Onsoňam, kaliý, demir, organik kislotalardyr witaminleriň birnäçesine baý kabaçok çagalara hem-de saglygy gowulaşyp başlan hassalara, şeýle-de, ýokarda nygtalyşy ýaly, aşgazan näsazlygy bolan ýarawsyzlara gerek.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar