Ak bugdaý etrabynda bugdaý hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Üstümizdäki şanly ýylda etrabyň gallaçy daýhanlary 26 müň gektaryň hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak bilen, bu işe turuwbaşdan jogapkärli çemeleşýärler.
Sürüm işi hem oba hojalygynda möhüm çäreleriň biridir. Ýokary hilli sürümiň topragy indiki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamakda uly ähmiýeti bardyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň oba zähmetkeşleri häzirki meýdan işlerini göwnejaý ýerine ýetirýärler. Sürümde tehnikalaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynda bu babatdaky işler aýratyn bellärlikdir.