Şu ýylyň alty aýynda hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy

15 Iýul 2024
587

2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowyň beren hasabatynda mälim edildi.

Bellenilişi ýaly, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň görkezijisi ýokarlandy. Şeýle-de hasabatda 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň
Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň galyndysynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
12,4 göterim artandygy bellenildi.

Beýleki habarlar