«MAGTYMGULY ZERGÄR» ESERI

3 Iýul 2024
873

Garaşsyzlyk döwrüniň syýasy we ruhy talaplaryny berjaý etmekde şekillendiriş sungatynyň orny uludyr. Türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly goşant goşan suratkeşleriň birnäçesi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini dürli usullarda janlandyrypdyrlar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden «Magtymguly Pyragy» kanoniki portretinden başlap, şu günlerde döredilýän Pyragynyň keşbini synlanyňda şol döwre mahsus duýguny başdan geçirýärsiň. Aýhan Hajyýew 1959-njy ýylda ýerine ýetiren «Magtymguly zergär» atly işini şahyryň kanoniki portretine esaslanyp, şahyry ХVIII asyra degişli egin-eşikler bilen suratlandyrýar, şeýle hem Magtymgulynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem ussat zergärdigini açyp görkezýär. Eserde Magtymguly Pyragy ak öýüň içinde eline zergärçilik gurallaryny alyp, gülýaka ýasaýan pursatynda şekillendirilýär. Şahyryň keşbine seredeniňde, onuň öz kärinden lezzet alýan adamyň duýgusyny, rahatlygyny, özüne bolan ynamy görýärsiň. Şahyryň garaýşynda öňdengörüji pikirli adamyň häsiýetini görmek bolýar.

Malika Şukurowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň talyby.
Beýleki habarlar