Ýüpek parça bol bolar

14 Iýun 2024
696

Ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak çig pile öndürmegi başaran ýüpekçilerimiz bu gün Gün nuruna öwşün atýan ak piläniň çäjine seredip, ony ýüzüne sylýarlar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl, ýüpek bu gün diňe bir gelin-gyzlarymyzyň egnindäki lybaslar bolman, eýsem, ol ýeňil senagatyň birnäçe pudaklarynda giňden ulanylýar. Çig ýüpege daşary ýurtlaryň kompaniýalary-da uly isleg bildirýärler. Lukmançylykda, dokma we himiýa senagatynda giňden ulanylýan türkmen ýüpegi öz çygryny barha giňeldýär.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen ýüpeginiň Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolandygyny görkezýän taryhy maglumatlary getirýär. Ine, şeýle islegli haryda öwrülen türkmen ýüpegi bu günki günde hem öz gadyryny, hümmetini peseldenok. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde göreniň ünsüni özüne çekýän dürli görnüşli ýüpek parçalar bilen birlikde, ýüpek halylar hem dokalýar. Alymlarymyz we hünärmenlerimiz ýüpek gurçugynyň ýurdumyzyň tebigy şertlerine uýgunlaşan we ýerli tutdan gowy ýüpek saraýan «Türkmen — 13», «Türkmen — 16», «Ak pile — 1» ýaly saýlama tohumlaryny hem döretdiler. Häzirki wagtda bu iş Türkmenabadyň we Marynyň ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän zawodlarynda dowam etdirilýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar