Uly iliň soltanynyň şanyna

12 Iýun 2024
852

Halkymyz gallany berekediň gözbaşy, mele-myssyk nany nygmatlaryň naýbaşysy hasaplaýar. Şol sebäpli daýhanlar topraga tohum sepmäge girişenlerinde birek-birege «Her bir dänäň müň bolsun!», oraga girişenlerinde bolsa «Harmanyňa bereket!» diýip, ýagşy dileg edýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa bu dabaralar uly toý tutumy bilen bellenilýär. Üstümizdäki ýylyň galla oragyna girişilmegine bagyşlanan dabara hem ýatdagalyjy wakalara baý boldy. Ol bereketliligiň, bolçulygyň, rowaçlygyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, joşgunly kalplara ýakymly nuruny çaýdy. Aýdym-sazyň şirin owazyna beslenen dabara bereketli türkmen topragynyň dürli naz-nygmatlarynyň, desterhanlaryň bezegi bolan çörek we çörek önümleriniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň azyk Garaşsyzlygyny berkitmek maksady bilen başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň şöhlelenmesi boldy.

Mämmet GYLYJOW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar