Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda netijeli ylmy işleri alyp barmak üçin mümkinçilikler barha artýar.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda pudaklaýyn ylym bilen meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynda Watanymyz üçin, ýurdumyz üçin wajyp bolan ugurlaryň üstünde işler alnyp barylýar. Biz muny türkmen ylmyny dünýä ylmy bilen utgaşykly ösdürmäge döredilen mümkinçilik hasaplaýarys.