Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda agzybir daýhanlarymyz agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gök-bakjanyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini öz wagtynda tamamlap, olaryň ideg işlerini güýçli depginde alyp barýarlar. Doly gögeriş alnan ýaşajyk gowaçalaryň ýekeleme, hatarara bejergi, olary zyýankeşlerden goramak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Möwsümde etrap boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki taýdan hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Şeýle hem orak möwsümine gatnaşjak awtoulaglaryň, tirkegleriň meýilnamasy düzüldi. Etrap boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almaklyga garaşylýar. Ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Şeýle kärendeçileriň biri hem etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletowdyr. ol özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektaryň hasyllylygyny 60 sentnerden ýokary geçirmegi maksat edinýär. Gözüňi dokundyrýan bugdaý meýdanlaryny synlanyňda, daýhan ýigidiň öňde goýýan maksadyna ýetjekdigine doly göz ýetirýärsiň. Kärendeçi ýigit bol hasylyň kemala gelmeginde özleri üçin bimöçber alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny aýdýar.